Türkmeni Öwreniş Merkez Basmaçyly

Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
Basmçypyga garşy göreşiň taryhy bilen düýpli gyzyklanyan adamlary hemişe
bir ýagdaý geňirgendirýärdi: taryhy işler, romanlar we ýiti sužetler, filmler bir
zady, aksakgallar, ýaşulular bolsa düýbünden başga zady äýdýardylggr. Bize
hakykatda näme bolandygyny däl-de, taryhy faktlara ters gelýän, kimdir
biriniň aýtmaly bolan zatlaryny aýdypdyrlar-da! — diýen sorag bi_ygtyýar
döreýärdi, ol häzirem şeýle.
Men
Türkmenistanda
önüp-ösdüm.
1926-njy
ýylda
harby
garnizon
tarapyndan galdyrylyp gidilen Hywany basmaçylar duýdansyz basyp
alanlarynda bir özbek adam ejem ikimiziň üstümize ýandak oklap, ýabyň
içinde gizläpdir. Şeýdip biz halas bolupdyk. Men soňky on ýylda arhiwleri
jikme-jik öwrendim we alymlar, ýazyjylar basmaçylyk, onuň döremeginiň
hem-de uzaga çekmeginiň sebäpleri hakynda hakykaty aýdan bolsalar, iň ýiti
syýasy, harby işgärleriň Orta Aziýadaky ýagdaýa, onuň dürli taýpaly ilatynyň
durmuş söýgetleriniň (sütünleriniň), psihologiýasynyň we ýaşaýşynyň
özboluşlylygyna düşünilmegi hakynda şol ýyllardaky çagyryşlaryna gulak
gabardylan bolsa, biziň hakyky taryhymyza gara harplar bilen ýazylan kop
zatlaryň bolmajak ekenligine indi çyndan ynanýaryn...
– Gürrüňiň mundan beýläk has ynandyryjy bolmagy üçin, TürkMIK-iň
(Türküstanyň Merkezi Ijraýye Komiteti) 1922-nji ýylyň 18-nji iýulynda
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
Daşkentde bolan 4-nji plenumynyň 5-nji mejlisinde doklad bilen çykyş eden
şeýle leninçileriň birine söz bermek ýerlikli bolarmyka diýýärin. Mejlisi
TürkMIK-iň başlygy Abdullo Rahymbaýew alyp barypdyr. Aşakda mejlisiň
stenogrammasyny (ýazgysy) getirýärin:
BAŞLYKLYK EDIJI: Ýoldaşlar, mejlis açyk diýlip hasap edilýär. Partiýa çlni dälleriň
stenoprafistkaýlardan galanlaryna, mejlisden gitmek teklip edilýär. Ýoldaş ATABAÝEW’A söz
berilýär.
ATABAÝEW: Ýoldaşlar, basmaçylyk biziň Türhüstandaky, ähtimal, hatda Gündogardaky bütin
işimiziň diýseň uly kösti bolup durýar. Basmaçylygyň 4 ýylyň dowamynda ýok edilmekden-ä
geçen, gaýtam, Ferganada güýjäp, beýleki oblastlara geçdi we tutuş Samarkant oblastny, Surhanderýa hem-de Türkmen oblastlargnyň bir bölegini gurşap almagy eýsem näme bilen
düşündirilýär? Bu biziň 4 ýylyň dowamynda geçiren ähli işimiziň bu ýerdäki ýerli ilatyň asyrlar
boýy kemala gelen durmuşynyň gurluşyna ýaşaýşyna, däp-dessurlaryna doly gapma-garşy
bolandygy bilen düşündirilýär. Ýagdaýdan ugur almaga başarnygymyzyň ýokdugy, biziň, umumy
keselimiz bolup durýar: ol ýa-da başga derejede ýolbaşçy rolda bolmaly bolan ýanaşyk
ýurtlarymyzda bizi agyr kynçylyklara duçar etdi.
Men
özümiziň
Ferganadaky
ýalňyşlyklarymyzy,
hatalarymyzy
we
hatda
kä_wagyky
bi_düzgünçiliklerimizi aýdyň görkezmek üçin biz bilen ýanaşyk beýleki ýurtlardaky işimiziň
häsiýetnamasy hakynda gygaça durup geçmegi zerur hasaplaýaryn. Persiýadaky (Eýrandaky)
reweolýusion/ynkaby hereketi alyp göreliň. 20-nji ýylda ägirt uly üstünlikleri gazanandygymyzy siz bilýänsiňiz: biziň goşunlarymyz Zakzspide (Türkmenistanda) ak gwardiýaçy
bandalary ýeňip, olary gutarnykly ýok etmek üçim Enzelini eýelediler. Bu ýerde biziň «Iňlis
imperializmi bilen goreş» diýip jar eden şygarymyz eýranlylarda duýgudaşlyk döretdi we ony
özüne çekdi, çünki bu çagyryş, iňlisleriň sütemini onlarça ýyl bäri egni bilen çekip gelýän ilata
düşnüklidi.
Biz bu göröşde eýranly ynkylapçylarynyň görnüklilerniň biri Kuçek han bilen birleşip, onuň
bilen bilelikde bütin Horesan welaýatyny eýeledik we iňlileri Maşatdan çykyp başlamaga mejbur
etdik. Ine, şonda, goräýmäge diýseň uly üstünlikleri gazanan halatamyzda, birden özümiziň
kommunistlerdigimizi we hanlar neslinden bolan Kuçek han bilen iş salyşmagyň ylalaşyjylyk,
menşewiklik we ş. m, bolýandygny ýadymyza saldyk. Şol sebäpdenem ony abraýdan düşen
hökmünde yglan etdik, özem ilki muny onuň özüne aýdypdyk we Kuçek han bilen bile barýan
goşun bölümlerine daýanmaga çalyşdyk, Kuçek han elbetde, derrew biziň garşymyza front
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
açmak pursatyny elden gidermedi. Netijede bolsa biz Eýrandan garamyzy saýlamaga
mejbur bolduk. Şeýlelikde, biziň Eýrandaky hemme işimiz, ähli üstünliklerimiz puja çykdy.
Eger sizden kimem bolsa biri Eýrandaky ýagdaý, ol ýerde höküm sürýän alaçsyz gedaýçylyk,
ol
ýerdäki
ilatyň
fanatizmi
we
yzagalaklygy,
pars
zähmetkeşler
köpçüliginiň
guramaçylgksyzlygy, nadanlygy bilen tanyş bolsa, oňa ol ýerde ilaty synpy gatlaklara
bölmegiň manysyzdygy düşnükli bolar.
Eger ikdi Hywany alyp görsek, bu ýerde-de biziň öz işimiz bilen şowsuzlyga uçramagymyz az
gynandyryjy bolmady. Siz Oktýabr rewolýusiýasyndan soňra biziň her edip, hesip edip Hywzny
rewolýusionlaşdyrmagy karar edendigimizi bilýärsiňiz. Biz özümiziň bu ýerdäki hereketimizde
Jüneýt han bilen sataşdyk, ol öňki han döwründe premýer – ministrdi/ baş wezirdi.
Biz Hywa hanlygynyň paýtagty Hywa şäherini eýeledik, Hywa hanynyň özüni tussag etdik.
Emma uzak wagtlap Jüneýit hanyň soňuna çykyp bilmedik we eger tötänleýin bir ýagdaý bize
kömek etmedik bolsa, ony ýok edip biljegimiz hem gümanady. Jüneýit hana garşy göreşe
tötänden hut Jüneýit han bilen duşmançglygy bolan beýleki Türkmen serdarlary Gulamaly we
Goçmämmet diýilýenlerm çekildi. Netijede, biz iki tiräniň uruşmägyny gazandyk, Jüneýit han
bolsa söweşjeň birikme hökmünde Gulamalynyň we Goçmämmediň kömegi arkaly biziň Gyzyl
Goşunymyz tarapyndan ýok edildi.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
Meňzetme. kinofilmden
Ýöne şu ilkinji üstünliklerden soňam biz bu ýerde, Hywada ýene-de töwerekdäki ýagdaýy
düýbünden bilmeýändigimizi we ony nazarda tutmagy başarmaýandygymyzy, uçursyz
şowekörlerdigimizi ýüze çykardyk.
Men bu ýerde uzak saklanjak däl, ýene bir zady aýtmakçy. Hywada iki halk — esasan suwdan
peýdalanmagyň üstünde ozaldan duşmançylygy bolan ýomutlar we özbekler ýaşaýar.
Özbekleriň suw akymynyň iň köp bölegini eýelemäge mümkinçiligi bar, ýomutlar aşakda oturyp,
galan-gaçany
bilen
oňmaly
bolýarlar.
Suwuň
bu
deň
paýlanylmazlygy
birsyhly
düşünişmezlikleriň, jedelleriň, köplenç ýaragly çaknyşyklaryň çeşmesine öwrülipdir. Bu
duşmançylyk täzeden guralan hökümete — Nazerler Sowetine/Şura hökümetine/ hem geçdi.
Nazerler Sowetine — Türkmenler, şol sanda Goçmämmet we Gulamaly hem girdi —
Goçmämmet bilen Gulamalynyň garşysyna hile guralyp başlandy. Olary döwlete dönüklikde,
hamala olar tarapyndan agdarylyşygyň taýýarlanýanlygynda we ş.m. aýplap başladylar.
Gynansak-da, wagt Federasiýanň Hywadaky doly hukukly wekilleri ýoldaş Şokirow bilen
Malyşew bu pirimä ynandylar, netijede hem Jüneýit hany ýok etmekde bize şeýle uly hyzmzt
bitirip beren Gulamalyny we Goçmämmedi ähli otrýady bilen ýok etmek karar edildi. Ähli
güýçleri bilen bilelikde ýok etmek üçin hamala Buhara taýýarlanýan gyssagly ýöriş hakda olara
gizlin tertipde habar edildi we Hywa ähli ýigitleri bilen gelmek teklip edildm.
Men bu işiň taryhy bilen Adatdan daşary tribunala berlem derňew materiallary boýunça şol
tribunalyň çleni/agzasy bolanym üçin jikme-jik tanyşmaly boldum. Goçmämmet we Gulamaly
hiç zady güman etmän, ähli ýigitleri bilen Hywa gelip, özlerine görkezilen jaýlarda düşlediler. Şol
gijäniň özünde Goçmämmet biziň gyzl esgerlerimiziň duýdansyz çozuşyna sezewar bolýar, ony
tussag edýärler we ýigitlerini ýaragsyzlandyrýarlar. Tussag edilenden birnäçe sagat geçenden
soňra Goçmämmediň özi ýakyn adamlary bilen bilelikde çapylyp öldürilipdir. Gulamaly
gaçypdyr.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
Gulamalynyň gaçandygy belli bolandan soňra, onuň yzyndan kowmaga jeza beriji otrýad
guralýar, ol öz ýolundaky birnäçe obany ýer bilen ýegsan edýär. Ýomut ilaty bu barada eşidende,
ähli zadyny taşlap, pyýadalap, aýallary we çagalary alyp atdyr düýelre, öküzlere münüp,
Türkmen oblastyna tarap eňýär we Hazar deňzine çenli suwsuz uzak menzilleri geçip,
Türkmensähra aşýarlar.
Bu wakalar biziň nähili sowatsyzdygymyzy, jemgyýetçilik güýçlerini hem, olaryň özara
gatnaşygyny hem nazarda tutmaga ukypsyzdygymyzy aýdyň görkezýär. Bularyň barynyň
netijesinde biz:
1) Ýomutlaryň tutuşlaýyn tozmagyny,
2) Jüneýit hanyň üsti bilen basmaçylygyň henize çenli dowam etmegini,
3) bütin Türkmen ilatynyň arasynda umumy gahar- gazabyň döremegini gazandyk.
Indi, ýoldaşlar, eger Buharany alyp görsek, oňda bu ýerde hem biziň baran ýerimizde ýagdaýa
düýbünden düşünmänligimiz görnüp dur. Biz Gyzyl Goşunymyzyň güýji bilen iki ýyl mundan öň
bütin Buhäran» diýen ýaly eýeledik we biziň iki ýyllyk dolandyryşymyzdan soňra ol ýerde
Buharanyň ähli ilatynyň Sowet häkimiýetine garşy bolmagy ýaly ýaramaz ýagdaý emele geldi.
Men birnäçe gün mundan öň Buharada bolup, şeýle az wagtyň içinde başarşyma görä şuny
anykladym: bu ýerde hem ilatyň garşymyza öjükmegine özümiziň başarnyksyz syýasatymyz
sebäp bolupdyr. Mysal hökmünde bir örän häsiýetli fakty görkezip biljek. Buharadaky ynkylabyň
düýp mazmuny düşündirýän wagtlarynda oratorlar1 hamala biziň rewolýusiýamyzyň diňe bir
emiriň garşysyna gönükdirilendigi bilen däl-de, eýsem Hudaýyň hem garşysyna gönükdirilendigi
bilen beýlekilerden tapawutlanýandygyny aýdypdyrlar. Özem bu «mukaddes» saýylýan
Buharada, başga ýerlere garaňda diniň has berk ornaşan, biçak dindar hem fanatik bolan
Buharada aýdylypdyr. Elbetde, şeýdip biz ähli ilaty öz garşymyza öjükdirdik.
Häzir_ mysal üçin, kazy-kelanlary dikeltmek, wakyflary/fond/ gaýdyp bermek we beýleki
birtopar eglişikler biln baglylykda ilatyň garaýşgnda belli bir öwrülişik gazanyldy. Ol indi
basmaçylygy ýok etmek işine gös-göni gatnaşýar. Buharada hem basmaçylyga garşy göreş
paýawlap barýar.
Indi men goňşy respublikalardaky işimizi gysgajyk häsýetlendirmesinden soňra,
Ferganadaky işimiz hakda durup geçmek gerek, diýip hasaplaýaryn. Fergana Sowet
häkimiýetini demir ýol işçileri getirdiler, olar uzak wagtlap ýerli ilatbilen bileleşmegiň ýoluny
tapmadylar. Ferganada Sowet häkimiýetiniň döremegi bilen bir wagtda musulman
1
Halka ýüzlenip, demonstratsiýalarda çykyş edýänler.
Türkmeni Öwreniş Merkez
intelligensiýasynyň
topary
Basmaçylyk hakda
ulamalar
bilem
bilelikde
musulman
söweşijileriniň
we
daýhanlarynyň gurultaýyny çagyrdy. Şu gurultaýda Awtonom Türküstanyň hökümeti
saýlanyldy. Ol Ferganada guralan milli goşunyň hataryna goşulmaga çagyrmak bilen ähli
talaňçylara we ogrulara günäleriniň geçilmändigini yglan etdi. Gepiň gerdişine göra, ol ýere
patyşa hökümeti tarapyndan sürgüne iberilen we rewolýusiýaden soňra gaýdyp gelen öňki ogry
hem talaňçy Ergeş hem çagyryldy. Ol «Gurbaşy»2 bellendi. Başgaça aýdanyňda, Kokant/Hokand
şäheriniň goragynyň naçalnigi. Bu bandany ýok etlek üçin Kokanda Sowet hähimiýeti
tarapyndan ýoldaş Perfiliýewiň ýolbaşçylygynda otrýad iberildi, ol şäheri gabamaga girişdi.
Awtonom hökümet jarnama ýaýradyp, ähli musulmanlary islam dinini, milli azatlygy we
Awtonom hökümeti goramak üçin milli goşunyň hatarlarna girmäge çagyrdy. Onsoň,
hakykatdan-da golaýdaky obalar seslendiler hem-de adamlar Kokanda kätmenli, paltaly, aw
tüpeňli we ş. m. bilen gediler. Seweş üç güne çekdi, Şol aralykda Awtonom hökümet ýitirim
boldy. Ergeş hem gitdi. Kokandyň eýelenen pursadyna çenli ol ýerde diňe kömege gelen obalylar
galdylar. Hemmedan köp horluk çeken hem şolar boldy.
Biziň otrýadamyz diňe daşnaklardan3 ybaratdy, olar emele gelen ýagdaýa basym göz
ýetirdiler hem-de pul toplamagyň ugruna çykdylar. Öç alama köp babatda söwdanyň üstünden
düşdi. Ähli ýerli söwdagärler atyldy, olaryň emläkleri skladlara wa wagonlara çekildi, galanlary
bolsa Otlanyldy. Ilat zorluga, talaňçylyga, şäher bolsa ýykgynçylyga sezewar edildi.
Fergananyň ilaty beýle zabun öç alşy görüp, bolşewikleriň hakykatdan ham talaňçylardygy,
banditlerdigi, olaryň hiç zady ykrar etmeýändikleri we diniň, Allanyň garşysyna gidýändikleri
hakynda awtomomçylaryň aýdýanyna ynandy.
Awtonomiýa ýok ediländaň soň sowet gurluşygy başlandy. Sowetler işçi-daýhan we Gyzyl
esgerler Sowetleri diýip atlandyryldy. Ýerli ilatyň arasynda bolsa işçiler ýokdy we sowet
apparatlery birneme wagt ýerli ilatdan üzňeleşdi. Ýagdaýy patyşa hökümeti tarapyndan tyl4
işlerine alnyp, şol wagta çenli gaýdyp gelen ýerli işçiler “düzetdiler”.
Siz, elbetde, ýerli ilatyň 1916-njy ýlda tyl işlerine mobilizlenmeginiň Samarkant we Semireçensk
oblastlarynda birgiden gozgalaň döredendigini bilýärsiňiz, Ferganada gozgalaňdan saklandylar,
ilat pul töläp mobilizasiýadan örän seresaplylyk bilen aman sypdy: ol öz-özüne aýratyn salgytlar
saldy we toplanan pullara ýygyndydan ýygnananlary — kartkeşleri5, jübi keserleri, Ferganadaky san-sajaksyz bi_kärlerm hakyna tutdy. Olar Frontlarda bir ýyl bolanlaryndan soňra
öýlerine gaýdyp geldiler. Ine, Sowet häkimiýeti Ferganada nähili ýagdaýda döredilipdi.
Ýaragly güýçleriň komandiri. Gurhana başlygy.
Ermeni, opportonist, anti-Türk, aşa fanat we terrorçy topar hasaplanýar. (A.G)
4 Tyl= Frontyň arkasynyda,yzynda işlemek.
5 Humar/ gumar oýnaýanlar.
2
3
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
Eýsem ol ýerde biziň syýasy işimiz nähili tertipde alnyp baryldy. Biziň «ýok bolsun köne dünýä,
ýok bolsun buržuaziýa» diýen şygarymyz şeýleräk görnüşde amala aşyryldy; Biz köne dünýä
diýip ähli metjitlere, medreselere düşündik, olary ýapdyk. Kazylar, ulamalar tussag
edildi, dini urp-adatlara garşy göreşmek Margelandaky musulmanlar üçin mukaddes
bolan Gurhanyň Sowet häkimiýetiniň wekilleri tarapyndan ýakylmagynda ýüze çykdy.
Andijandaky «Jamy» metjidi musulman otrýadlarynyň kazarmalaryna/egerhanasyna/
öwrüldi, olar ol ýerde beçebazlyga ýüz urdular. Biziň otrýadlarymyz metjitlere çozup,
namaz okaýan işanlaryň, ulamalaryň üstüne çozup bombalar taşladylar. Netijede,
ulamalaryň we işanlaryň bary basmaçylaryň tarapyna geçdi.
Biz ýerli baýlara ýewropa buržuaziýasy ýaly garaýardyk. Olary türmä salyp belli bir töleg
tölänlerinden soňra boşadyp goýberýäris. Men şu ýerde ýoldaş Lenine kast edilmegi bilem
baglylykda Ferganada baýlara garşy jezanyň çäreleriniň möwç alandgyny aýtmakçy. Olary «Siz,
haýynlar, Lenine kast etdiňiz» diýip türmä salýardylar. Ferganada synpy göreş şeýle geçýärdi.
Biziň hojalyk işimiz hakynda aýdylanda bolsa, size mälim bolşy ýaly, ekerakçylygy, we
hünärmentçiligiň/senagatyň mekany bolan Fergana «Kommuna» diýip yglan edildi, bu ugurda
kesgitli dekret bardy hem-de ähli daýhanlaryň ýerleri millileşdirildi, senagatçylyk
babatynda hem şeýdildi, Netijede, gaty köp işçi kadrlary köçä zyňylyp, bir döwüm
çöreksiz galdy.
Eger rewolýusiýanyň ilki döwründe pagta arassalaýjy zawodlaryň köpüsiniň ýapylangny hem
aýtsak, onda Ferganada ähli babatlarda hojalyk, syýasy we guramaçylyk babatlarda, dogrudanda agyr ýagdaýyň emele gelendigi düşnükli bolar. Bu kadrlaryň ählisiniň dessine basmaçylalaryň tarapyna geçendigi düşnüklidir.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
Biziň şü çäreler bilen bir wagtda at almak, zähmet borjuny girizmek hem-de adamlary Goşuna
mobilizlemek çärelerini hem geçirendigini aýtmagymyz gerek. Biz bular bilen utgaşdyryp galla
mono-poliýasyny azyk paýlamaklygy hem geçirip, netijede daýhanlar, senagatçylar, tutuş ilat
sowet režimine sowet tertibine garşy aýaga galyp, basmanylaryň tarapyna öwrüldi we bu ilkibada arassa galtamançylyk häsiýetinde bolan herekete syýasy many berdi. Onsoň 1919—1920-nji
ýyllarda Ferganada eýýäm galtamançylygyň, basmaçylygyň dal-de, belli bir halk gozgalaňynyň
bolandygyny aýtmaly.
Gozgalaňy basmaçylyk diýip atlandyrmak bilen biz 4 ýylyň dowamynda hatda bu hereketiň
häsiýetini hem dogry aýdyňlaşdyryp bilmedik. Basmaçylyk, başgaça aýdylanda, talaňçylygy
aňladýar. Ýalňyş düşünilmegi bolsa onuň çözgüdine hem ýalňyş çemeleşilmegine getirdi. Onsoň
biz 4 ýylgň dowamynda bu hereketi hiç bir jehtden ýok edip başarmadyk.
Barha güýjeýän gozgalaň bilen ýüzbe-ýüz bolan Sowet häkimiýeti uly şäherlerde berkäp, oňa
garşy göreşmäge başlady.
Ilkibada biziň gyzyl esgerler bölümlerimiz bir komanda astynda birleşmedi, her şäher bolsa
basmaçylara garşy özbaşdak çykyş etdi. Gyzyl esger otrýadlary, esasan, ýerli ilat bilen hiç hili
baglanyşygy bolmadyk daşnaklardan ybaratdy. Gelip çykyşlary boýunça ýerli ilat bilen
duşmançylygy bardy, çünki ermeniler öz kesbi boýunça söwdagerler bolandyklary üçin olar
adaty durmuşda ýerli ilat bilen bäsleşikdediler. Biz, ine, şu otrýadlara daýanyp, şol wagt biziň
islendik otrýadymyz bilen söwşmäge, onuň zarbasyna döz gelmän güýji ýetýän basmaçylaryň
garşysyna çykdyk, ýerli ilat tarapyndan goldanylýan basmaçylar köp halatda üstün bolýardylar.
Ahyrsoňy ýerli işgärleriň ösüp ýetişmegi we parahat oturan ýerli ilaty hut talamak, oňa
zulum etmek bilen meşgullanýan biziň bu otrýadlarymyza garşy çykyp ugramagy üçin
birnäçe ýyl gerek boldy
...Size biziň bir wagt basmaçylygy ot we gylyç bilen ýok etmekçi bolakdygymyzy aýtmak gerek.
Şu niýet bilen «basmaçylyk meýilli» ulurak obalar rehim-şepagatsyz ýok edilýärdi, münuň
netijesinde ilat Sowet häkimiýetinden barha we barha daşlaşdy. Bütin Fergananyň tutuş
eýelenmegi hem bize kömek etmedi. Bir gezek Fergana 30 müňe çenli goşun sürüldi we ähli uly
obalary gyzyl esgerleriň garnizonlary eýelediler. Ilat bize öňküsi ýaly duşmançylykdady,
basmaçylar biziň garnizonlarymyza aňsatlyk bilen hötde gelýärdiler we biz ahyrsoň goşunlarymyzy obalardan aýyrmaly bolduk.
Ferganada elekden geçirmek diýilýän sistema ulanyldy, bütin uezd boýunça aýry-aýry
brigadalar goýberildi. Basmaçylar olaryň aralaryndan göze ilmän sypýardylar. Olar göreşiň
barşynda uly tejribe topladylar, biziň kemçiliklerimizi bilýärdiler, ajaýyp razewedkany ýola
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
goýdular: biziň otrýadlarymyzyň hereketi olara derrew habar beriýmärdi we olar hemişe howp
abananda aýny wagtynda sypmagy başarýardylar. Biz üstlerinden baran wagtymyz da bolsa olar
söweşjek bolman, ýüwrük atlarda çar tarapa
dyr-pytrak bolýardylzr.
Ýa-da biziň
otrýadlarymyzyň hereketi, gitjek ugry hakda bilip, dessine parahatçylykly görnüşe geçýärdiler,
ýarglaryny gizleýärdiler, biziň otrýadlarymyzy parahat oturan ilat hökmünde garşy alýardylar,
hyzmat edýärdiler. Ot-iým, azyk tapýardylar hem-de gideňde ýeňsäňden urýardylar. Olar
kämahal 20—30 km biziň otrýadlarymyzy yzarlap gidýärdiler, gapdaldan oka tutýardylar, şol bir
wagtyň özünde-de tutuş toweregi eýeleýän baglykda görünman galýardylar. Şeýla ýagdaý biziň
gyzyl esgerlerimize diýseň agyr täsir edýärdi we olar käwagt gahar-gazapdan ýaňa näderini
bilmän, düýbünden parahat ilaty gyrýardylar.
Şu zatlar netijesinde komandowaniýede we gyzyl esgerlerde ähli ilat basmaçy diýen belli bir
pikir emele ýeldi.
Şu nukdaý nazardan hem jeza berijilikli syýasat ýöredildi. Adamlary girew almak sistemasy
gaty uzak wagtlap dowam etdi. Girew alnanlar eýle bir köpeldi welin, bütin Ferganada olary
saklamak üçin ýer hem tapylmady. Basmaçylygy zamun alnan adamlaryň tolar-topar edilip
atglmagy hem saklap bilmedi. Basym Ferganada basmaçylar bilen aragatnaşygy bardyr öýdüp
şübhelenilmeýän ýekeje ýerli işgär hem galmady.
Ahyrsoňy biziň jeza berijilikli syýasatymyz basmaçylyga garşy göreşmekde ähli basmaçylary
hasaba almakdan ybarat bolan täze sistemany girizmek bilen tamamlandy. ÇK6-nyň ýerli
organlary şu ugur boýunça işlenip düzülen instruksiýa/iş ugry/ eýerip, ýerli ilatdan soraşyp görmek arkaly basmaçylary hasaba almaga girişdiler.
6
Howpsuzlyk boýunça ”Adatdan daşary komissiýa”, soňraky KGB.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
Dönülik üçin basmaçylaryň dessine kellelarini aljagyny bilip, ýerli rewkomlar7 iň bir bolgusyz
familiýalary habar berýärdiler. Basmaçylaryň sanaw boýunça ele salynmagy iň bir akyla
sygmajak ýagdaýlgry döretdi. Hiç haçan basmaçy bolup bilmejek adamlary gapjaýardylar.
Şol zagtlar Turk_frontuň ştaby tarapyndan goşuny sagdynlaşdyrmak üçin birnäçe uly çäreler
görüldi. Daşnaklary diýseň ýiti çaknyşyklar bilen Ferganadan çykarmak başartdy. Goşunda pugta
tertip ýola goýuldy, durnuksyz elementler çykaryldy. Komandowänne bir ýolbaşçylyga
birleşdirildi. Şol bir wagtda partiýa tarapyndan ilaty parahagçylykly zähmete çagyrýan birnäçe
syýasy kampaniýalar başladyldy.
Ferganaiyň tükeniksiz harby hereketlerden bizar bolan ilaty emele gelen ýagdaýdan şolbada
çykalga gözläp başlady, hem-de sowet häkimiýetiniň tarapyna geçmekleri üçin basmarçylaryň
baştutanlaryna, ýagny «gurbaşy» diýlýänlerine umumy zor salyp ugrady.
Ahyrsoňy Fergananyň basmaçylary dini, hojalyk we syýasy meselelere dahylly birnäçe şert
goýup, 1921-nji ýytyň awgustynda Türkmenistan8 Sowetleriniň 10-njy gurultaýynda
parahatçylyhly gepleşikler baradaky teklip bilen Sowet häkimiýetine resmi ýüz tutdular. Bu
şertler şerigaty azat etmäge, metjitleri, medreseleri we mekdepleri açmaga kazylaryň, baýlaryň
suduny/da:dgah/ dikeltmäge, waknflary, dini dolandyryşy gaýdyp bermäge, bazarlary,
ekerançylyk hojalyklaryny we senagat, öňümçiligini erkin etmäge hem-de basmaçylaryň
otrýadlaryny Ggzyl Goşuna kabul etmäge syrygýardy.
Gepleşiklere ähli parahat ilat gatnaşdy we bu talaplaryň şol bir wagtyň özünde ilatyň özüniň
hem talaplarydygyna hiç bir şübhe ýokdy.
Biz ähli şertleri ret etdik, ýogsam, şol pursat biziň üçin amatlydy. Bu ýerde biz ilat bilen
gutarnykly gürleşip, oblasty parahatlaşdyrmakda iňňän uly üstünliklere ýetip biljekdik.
Parahatçylykly gepleşikleriň başarjaň we oýlanyşykly geçirilmegi basmaçylaryň hataryna
gürrüňsiz, uly bölünişik saljakdy. Bu gysga döwurde iki fakt aýratyn yz goýdy. Öňi bilen täsirli
gurbaşylaryň biri-Baýtuman tabyn boldy, ol ýesir düşenleriň günäsini geçmek barada bar
bolan buýrugyň tersine gidip, özüniň 40 ýigidi bilen türmä basyldy. Fergana toparynyň
komanduýuşisi ýoldaş Zinowýew tarapyndan Sowet häkimiýetiniň tarapyna kabul edilen
gurbaşylaryň ikinji bir topary bolsa haýynlarça atyldy.
Bu iki fakt ilaty bizden ýene-de daşlaşdyrdy, basmaçylyk bolsa täze güýç bilen tutaşdy. Emma
bu gepleşikler biziň üçin netijesiz bolup galmady! Türk_MIK9 soňraky aýlarda birnäçe dekret
Rewlýutsion komitet.
Türküstan bolsa gerek. A.G
9 Türküstan Merkezi Ijraýia Komiteti.
7
8
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
çykaryp, ilatyň talaplaryny düzgünleşdirdi. Biziň işimizde «syýasy eglişikler» diýýlip, atlndyrylan
täze ugry döretdi, bular — kazylaryň sudy, wakgflaryň gaýdyp berilmegi, medreseleriň, mekdepleriň açylymagy we ş. m.-dir.
Bu syýasy eglişikler ilata hojalygy ýöretmegiň kadaly şertlerine geçmäge mümkinçilik beren
täze ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen gabat geldi. Bularyň bary jemlap alanyňda,
kölçüligiň Sowet häkimiýetiniň tarapyna meýil etmeginde belli bir öwrülişik döretdi. Hakykatda
şu wagta çenli basmaçylygyň ideýa ýolbşlçysy bolan Hajymät işanyň ýolbagşçylygynda
ruhanylar dura-bara basmaçylykdan arany açdylar. Ilat tarapyndan «keramatly» saýylýan yzyna
eýerijileri-şägirtleri bolan Hajymet işanyň biziň tarapymyza geçmegi, ulamalaryň we işanlaryň
konferensiýasy, soňra Fergana ruhanylarynyň agzydan çykarlan birnäçe çagyryşlar hem-de
ýüzlenmeler ähli parahat oturan ilaty aýňaltdy. Şol bir wagtyň özünde-de Türk_MIK tarapyndan
boýun synan gurbaşylaryň we olaryň ýigitleriniň şahsy howpsuzlygyna hem-de emläginiň
eldegirmesizligine kepil geçilýändigi barada dekret/perman çykaryldy.,
Ilat basmaçylaaryň ýolbaşçylaryndan Sowet häkimiýetine boýun egmegini üzül-kesil talap edip
ugrady. Şu esasda ilat bilen basmaçylaryň arasynda ýiti bölünişik döredi, bu bodsa käbir
raýonlarda hut ilatyň özi tarapyndan basmaçylaryň atylmagyma we olaryň toparlarynyň ýok
edilmegine getirdi. Ondan soňraky ýagdaý basmaçylygyň köküni gyrdy. Ilat basmaçylary
goldamakdan ýüz dönderdi, basmaçylar birsyhlly galtamançylyga ýüz urmaga mejbur boldular
we ilatyň wekilleri özlerini basmaçylardan goramak barada berk talap bildirip, Sowet
häkimiýetine ýüz tutup ugradter. Bize ol ýa-da beýleki obalara garnizon hökmünde gyzyl
esgerleriň otrýadlaryny bermek sorap, köpçülikleýin haýýşnamalar gowşup ugrady, özem
garnizonlary saklamagy obalar öz üstlerine alýardylar. Komandowaniýeniň olaryň haýyşyny
kanagatlandyrmaga ýagdaýy ýokdy, çünki Ferganadaky goşun bölümleri az sanlydy. Garnizon
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
goýlan obalarda hem olar özleriniň bi_başlygy bilen ilaty öz üstlerinden birsyhl arz edip,
durmaga mejbur edýärdiler. Üstesine garnizonlary obalarda uzak galdyrmaga hem mümkinçilik
bolmady. Aglaba ýagdaýda obalar goragsyz galdyryldy, garnizonlar sowoşjeň tabşyryk tertibinde
beýleki raýonlara geçirilýär. Garnizonlar gidensoň obalaryň üstüne dessine basmaçylar dokülip,
ähli abraýly wekilleri gyrýardylar. Soňraa obadan garnizonlar gidende olar bilen ähli emlagini
we ekerançylygyny taşlap butin ilat hem gidip başlady, netijede bolsa diýseň agyr, çikgynsyz
ýagdaý emele geldi, açlyk başlandy. Biziň kömegimizden lapykeç bolam ilat özlerine goranmak
üçin ýarag berilmegi baradaky haýyş bilen häkimiýete ýüz tutdy. Gynansakda harby
komandowaniýe basmaçylartň eline düşmeginden gorkup, ýarag bermekden boýun gaçyrdy. Ilat
bu ähli şowsuzlgklary, talaňçylyklary, basmaçylaryň elheder aldyrmagyň umumy gozmaklygy
we öz ýagdaýynyň alaçsgzlygyny hudaýyň göz görkezmegi hasaplap ugrady. Birdenkä bütin
Ferganany dini meýil gaplap aldy. Zyýaratçylyk umumy häsiýete eýe boldy.
Aýry-aýry adamlarar, musulman toparlary, kä_halatda bütin oba bolup öz maşgalalary bilen.
barja zadyny satyp, ogul-gyzsyzlar deslapdan aýallary bilen aýrylyşyp öz hojalyklaryny dargadyp
ugradylar, otlulara münüp, Mekgä tarap ýola rowana bolduldar, Mekgä gitmek şeýle bir çynlakaý
häsiýetdedi welin, bu hereket Fergana düýpli howp salyp ugrddy. Şeýle ýagdaýda-da meniň
ýolbaşçylygymda basmaçylyk bilen göereşmek baradaky aýratyn komissiýa döredildi, ol Fergana
1922-nji ýylyň 15-nji fewralynda geldi.
Biz Fergana şeýle ýagdaýdaka geldik; bütin oblast basmaçylaryň elindedi. Sowet häkimiýeti
diňa şäherlerda we demir ýoduň ugrunda bardy. Fergna toparynyň ştaby we goşun
bölümleriniň, ep-eslisi ýerleşýän Kokant şäheriniň, ýagny oblast merkeziniň diňe ýarysy
biziňkidi.
Garaňky gatylnandan köne şäher basmaçylaryň eline geçip ol ýerden «dat ýetişiň!» sesleri
eşdilip başlanýardy. Emm aralykdaky kiçijik derýanyň beýle tarapynda ýerleşýän täza şäherde
uly güýçleriň jemlenendigine gramazdan, hiç hili kömek ýokdy.
Komanduýuşiý basmaçylary züw_etdmn gorkak galtamanlar hökmünde häsiýetlendirmek
bilen, olaryň hiç haçan derýadan geçmäge milt edip bilmejeklerini açyk bilýändigini, şonuň
üçinem basmaçylar köne şähere çozanlarynda özüniň öýde arkaýyn ýatýandygyny aýtdy.
Garamagynda ÇK-nyň otrýady bolan Aýratyn bölümiň naçalnigi «dat-bidat» sesine kömege
barmagyň örän hatarlydygyny, çünki basmaçylaryň güpbasdy edýändiklerini açyk boýun aldy.
Şäherden iki km-de «Owgan_bag» diýen ýerde hemişe basmaçylaryň öňdäki postlary nobatçylyk
çekipdirler we hiç kim olary ýok etmegiň gamyny iýmändir.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
...Andijan şäheriniň ýagdaýy has-da agyrdy. Uezd rewkomynyň çlenleri/agzalary/ hut
basmaçylaryň okunyň astynda işläpdirler, esasy köçeden geçenlerinde atyşyp, agşam sagat bäşe
çenli täze şähere özlerini atypdyrlar. Jelal_abat şäheriniň bu gün-erte synmagy mümkindi. Ol
şäheriniň töwerek bilen bütinleý arasy kesilipdir.
Ilkinji gezek oblasta aýlanyp görenimizde bize uly howp abanýardy. Biz geçip gidenimizden iki
sagat soňra Gorçakowa stansiýasyna basmaçylar dökülipdir. Urgy biziň garşymyza gönükdirilen
eken, ýöne gijä galypdyrlar.
Biz oblastdaky ýagdaý bilen tanşyp, ilatyň özüni göreşe çekmejek, Ferganada basmaçylygy
harby tertipde ýok edip bolmajakdygyna pugta göz ýetirdik. Diňe ýewropalylardan ybarat bolan
biziň harby otrýadlarymyz basmaçyglary hatda tapyp hem bilmeýärdiler. Jan edilip taýýarlanýan
harby zarbalar hemişe biderek ýa-da ujypsyz netije bilen tamamlanýardy. Ähli gözbagçylyk
basmaçylaryň taktikasynda: gapyllykda dökülmekde, açyk söweşiň biriniň hem edilmezliginde,
ýer-ýurdy bilmekde, dessine ýaragsyzlanmakda we ýüwrük atlarda gaýyp bolmakda
jemlenýärdi. Ynha, meselem biziň otrýadymya öz barýan ýolunda gündiziň günortany birden
basmaçylaryň gazaply oka tutmagyna duçar bolýardy. Gyzyl esgerler ok atýan tarapa
eňenlerinde bolsa parahat öräp gelýän çadraly özbek zenanyna ýa-da işläp ýören daýhana,
nanbaýa ýa-da metjidiň ýanynda oturan aksakgal ýaşula gabat gelýardiler. Ýap-ýaňy şu ýerden
ok atan basmaçylary sorap ýüz tutanlarynda bolsa, olar haýsydyr bir tarapa ümleýärdiler. Emma
gyzyl esger sähelçe aralyga açdgy ýeňsesinden atylýan okuň sesini eşidýärdi. Baslaçylar şeýdip
her hili usullary peýdalanýarlar we her bir gyzyl esger ýeňillik bilen olaryň hilegärliginiň pidasy
bölup bilýär. Basmaçylaryň bu taktikasy parahat ilaty biziň otrýadlarymyzyň zarbasyna duçar
edip, kämahal juda gynandyryjy netijelere getirýär. Bu basmaçylara örän bähbitli, çünki göwni
galan ilatdan olar hemişe goldaw tapýar.
Şeýle ýagdaýda bu petikdan ýeke-täk çykalganyň ilatyň özüni basmaçylga garşy göreşe
çekmekden ybaratdygyna hiç bir şübhe ýokdy, çünki olaryň ähli aýratynlyklaryny nazarda
tutmaga, olara degişli güýji garşy goýmaga diňe ilat ukyplydy. Ýerli, asly oturymly ilatyň göreşe
çekilmegi diňe bir strategik jähtden däl, eýsem syýasy jähtden hem zerurdy, çünki ruslar bilen
göreş, dini, milleti goramak esasynda dörän basmaçylyk bu göreşe ýerli köpçüligiň çekilmegi
bilen özüniň düýp manysyny ýitirýärdi, bu bolsa oblastda parahatçylygy gazanmak işiňde örän
möhüm ýagdaýdyr.
Biz aýry-aýry raýonlar, ilat, onuň meýli bilen tanşyp, Ferganada öz-özüňi goramagy guramak
üçin wagtyň ýetendigine göz ýetirdik. Biz öz-özüňi goramagy guramak ýoluny saýlap almak bilen
ilkinji nobatde strategik ýagdaýy: Fergznada basmaçylygyň iki hili häsiýetdedigini: özbeklerde
Türkmeni Öwreniş Merkez
Basmaçylyk hakda
jülgelerde, gyrgyzlarda hem daglykdadygyny nazarda tutduk. Olary ýok etmäge diňe bamaçy
toparlarynyň hemişe siňip gidýän ýerleri bolan dag geçitlerini eýelemek arkaly girişip bolardy.
Biz Frganada işi guraýarkak otrýadlaryň naçalnikleri we ýönekeý milisionerler hökmünde
ulamalary, işanlary, kazylary, täsirli adamlar göreşe çykdy. Şeýdibem, bütin ilatyň ezişjeňligini
oýandyrdyk, basmaçylaryň ganatyny gyrdyk. Biz ilki öz-ozüňi goramak toparlary bilen gyzyl
esgerler bölümlerini, soňra bolsa olary ilatyň özi bilen baglanyşdyrdyk. Gyzyl Goşuna oňat
garalmagyny we ilatyň oňa azyk kömegini berip durmagyny gazandyk. Biz bäş aýlyk işiň
dowamynda şu ňetijelere eýe bolduk:
1) Uly we orta gurbaşylaryň 38-si 1851 ýigidi bilen ýok edildi; 1256 sany tüpeň alyndy:
2) Bütin Oş uezdi basmaçylardan gutarnykly azat edildi.
Şeýle-de Andijan uezdiniň 29 wolostynyň 23-si arassalandy. Kokant şäherini gutarnykly
eýeledik. Kokant uezdiniň üçden biri, Margelan uezdiniň ýarysyzlandy. Jemläp alanyňda,
Ferganada basmeçylaryň 50%-i ýok edildi. Ilaty göreşe çekmek boýunça iş dowam etdirilen
halatynda bize basmaçylary şu ýylyň ahyryna çenli ýok etmegiň başartjakdygyna şubhe ýokdur».
Soňra Türküstan halk komissarlary Sowetiniň başlygy, Türk_MIK-iň prezidiumynyň çleni,
Türküstan Kommunistik Partiýasynyö Merkezi Komitetiniň sekretariatynyň çleni G. S.
Atabaýew Samarkant we Türkmen oblastlarynda basmaçylygyň ýagdaýy hakynda aýdypdyr.
Mejlise şol wagtky Türküstan Sowet respublikasynyň ähli ýolbaşçylary diýem ýaly gatnaşypdyr
we Abdusatarow, Hojaýew, Hydralyýew, Şamänsurow, Çary Perliýew, Skalow, Peskuskiý,
Gelgfgot, Berzin dagy çykyş edipdirler.
(Merkezi «Ýunost» žurnalynyň 1990-njy ýylyň 1-nji sanyndan).
Rus/kril hatyndan latynça geçiren we suratlar bezäp, gaýtadan komputerda ýygan,
Taryh ylymlaryň kandidaty, Taryhy öwreniş merkeziň müdüri
ARNE GOLI
Türkmeni Öwreniş Merkez
Sweden. 02.03.2015
Basmaçylyk hakda