Türkmeni öwreniş Merkez Gaıgysyz At

Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
GAÝGYSYZ ATABAÝEW
Durmuşyndan parçalar
1896-njy
hem-de
1902-nji
ýyllar
aralygynda
Daşkendiň
mugallymlary
taýýarlaýan
seminariýasyny bary-ýogy bir Türkmen tamamlapdy.
1908-nji ýylda bolsa bu seminariýany uç sany Türkmen oglany tamamlady. Olar
Muhammetguly Atabaýew, Gaýgysyz Atabaýew hem-de asly Saragtdan bolan Berdiýew
familiýaly oglandy. Emma seminariýany üstünlik bilen tamamlasalar-da, olara birbada Zakaspi
oblastynda/Türkmenistanda/ iş tapylaýmady. Oblastyň garamatyny göterýän adamlar bu ýaş
ýigitleri ýerli rus mekdeplerinde ýa-da başga bir işlerde ulanmaklyga meýil bildirmediler. Has
takygy, olary işe ýerleşdirmek hakda Türküstan ülkesiniň halk magaryfynyň inspektory
Kerenskiý bilen Zakaspi oblastynyň naçalnigi general Ýewreinow’yň arasynda hat üýşmegi
emele geldi. General Ýewreinow öz hatlarynda sowadyny çykan ýerli milletden bolan adamlary
mugallymýylyk işine çekmekden az howatyrlanmaýandygyny çürt-kesik boýun alýardy. Bu
barada 1908-nji ýylyň 19-njy awgustynda Kerenskiniň adyna iberen hatynda ol şeýle ýazýar:
«Siziň Alyjenabyňyz ýerli milletden bolan ýaş ýigitleri uçilişelerde ulanmak,
eger-de ýer ýok ýagdaýynda bolsa olar üçin täze mekdep açmak hakdaky
hatyňyza şu aşakdakylary habar berýärin:
Soňky teklibiňiz hakda: üç sany mekdep hem-de sekiz sany ýerli rus mekdebi
häzir Türkmen ilatyny kanagatlandyrýap. Eger-de, täze mekdep açmaklyga
serişde bolaýanlygynda hem ýaňkylary işe ýerleşdirmek şerti bilen täze
mekdep açmaklyk hakda belli bir zat aýdyp biljek däl.
1
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
Indi bolsa, Siziň seminariýaçylary ýerli mekdeplerde işe ýerleşdirmek dogrusynda teklibiňiz hakda: bilşimiz ýaly, Russiýada häzir döwlet gurluşyna gözgörtele zyýan berýän gürrüňleriň öýjügi bolan ýerleriň, gör, näçesi bar.
Gynansak-da, başda şol ýerleri gowy niýet üçin özümiziň açandygymyzy
aýtmalydyrys. Şu zatlary nazara alanyňda welin, bilip durkagam, ýerli ilatyň
arasynda öz elimiz bilen şo zeýilli ýerleri açmaklyga göwünjeň bolmaklyk
ätiýajy elden bermek diýen ýaly bir zatdyr...»
Soňra
general
Ýewreinow
seminariýany
tamamlan
ýaş
ýigitleriň
her
hili
hokga
çykarmalardanam gaýtmajakdygyny, şonuň üçinem öz meýillerine garşylykly adamlary
taýýarlamagyň hiç bir jähtden zerurlygynyň ýokdugyny halk magaryf inspektoryna aç-açan
ýaňzydýar.
Şeýle kynçylyklara garamazdan, Gaýgysyz, Bäherdendäki Muhammetguly hem Marydaky ýerli
rus mekdeplerinde işe başladylar. Emma Gaýgysyza bu mekdepde uzak işlemek miýesser
etmedi. Ýerli milletden bolan kadrlary mugallymçylyk işinde işletmeli däl diýeýa gizlin
görkezmä laýyklykda, Gaýgysyz işden boşadyldy.
1917-nji ýyl. Ak patyşa agdaryldy. Emma ýagdaý öňküden üýtgäberenokdy. Gaýgysyz bolup
geçýän wakalaryň ýöne bir synçysy däldi. Ol wakalara özüçe baha bermäge çalyşýardy. Onuň
ýaşaýan şäheri Maryda bolsa işçiler sekiz sagatlyk iş gününiň girizilmegini gazandylar. Mary
bankynyň işgäri G. Atabaýew şol günleriň birinde öz işi bilen Aşgabada gidip gelipdi. Wakalar bu
ýerde- de dartgynlydy. Hemmeler Daşkentdäki iş taşlaýyş hakda gürrüň edýärdi. Asgabatda
bolsa Zakaspi oblastynyň Türkmen komiteti döredilipdi. Podpol-kownik Nikolaý
Nikolaýewiç han Ýemutskiý özüni şol komitetiň başlygy diýip yglan etdi.
«Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz» diýleni boldy.
Han Ýomutskiý bilen “polkownik” Magtymguly han’yň1 arasynda jedel gidýärdi. Podpolkownik
han Ýomutskiniň ady agdarylyşykdan/oktiýabr ynkylaby/ soň Türkmen köpçüliginiň arasynda
gaty ýörgünlidi. Onuň täsiri barha artýardy. Muna gahar eden Magtymguly hanam dek
ýatanokdy. Olaryň özara jedeli ulalyp, göreşe ýazdy. Iki han biri-biriniň garşysyna her hili
duşmançylykly tärleri ulanýardy. Maryda han Ýomutskiniň saýlaw geçirişinden halk nägiledi. Bu
ýagdaýdan peýdalanan adamlar Han Ýomutskiniň oblastdaýa çykyp gitmegini talap edip,
Asgabada ýygnandylar.
Oblast Sowetiniň tabşyrygy bilen oblastyň komissary Dorrer ýygnanan halkyň öňünde iki
hanyň hem wezipelerinden aýrylýandygypy mälim etmelidi. Emma Dorrer han Ýemutskiniň
Ruslara bakna bolan, Magtymgulyn han, meşhur Nurberdi hanyň Güljemal han diýen aýalyndan. (A.G)
2
1
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
wezipesinden gidýändigi hakda aýtdy-da, Magtymguly han hakda kelam agyz zat diýmedi, Bu
öňünden taýýarlanan bolara çemelidi. Ýygnanan jemagat dargamak bilen boldy. Bu zatlara syn
edip oturan Gaýgysyz Atabaýew «Agyzlaryny alart-da, häkimlik sür» diýen sözden ugur alýan
dorrerleriň, öz baýlygy we galp şöhraty üçin Türkmen komiteti diýip bir zat döreden han
ýomutskileriň halky bagtly edip bilmejekdigine göz ýetirýärdi.2
Wagt geçer. Gaýgysyz Oktýabr rewolýusiýasynyň işine jany-teni bilen berler. Mary uýezd
ispolkomynyň başlygy bolar. Graždanlyk urşy döwründe iňlisleri we ak gwardiýaçylary düýbiteýkary bilen ýok etmeklige işeňňir gatnaşar.
Bu döwür hakda akademik Şamyrat Täşliýew şeýle ýazýar:
«Leniniň görkezmelerini goldanyp, Türkmen halkyny Sowet häkimiýetiniň
töweregine jeebisleşdirmekde ýerli halkyň wekillerini Gyzyl Goşun
hataryna çekmekde... aýratynam Zakaspi frontunyň rewolýunion harby
Sowetiniň başlygy N. A. Paskutskiý, frontuň komanduýuşisi S. P. Timoşkow,
tyl unrawleniýesiniň naçalnigi I. W. Buharenko, rewolýusion harby
Sowetiň Syýasy bölüminiň naçalnigi W. W. Malkow, şol bölümiň işgäri,
Mary uezd rewkomynyň, soňra-da Zakaspi oblast rewkomynyň başlgynyň
orunbasary bolup işlän Gaýgysyz Atabaýew uly iş geçirdi...»
Häzir welin Gaýgysyz Atabaýew oýlanýardy. Oktýabr rewolýuniýasynyň amala aşjak wagty bolsa
barha golaýlaşýardy.
1924 nji ýylyň alabahary. Daşkent şäheri. Bu ýerde ykdysadyýet dogrusynda maslahata
ýygnanylypdy.
Buhara Halk Sowet Respublikasynyn nazirler/ministerler/ Sowetiniň, şurasynyň
başlygynyň orunbasary Gaýgysyz Atabaýew hem şu maslahatdady. Ol Buharada geçen ýylyň
iýunyndan bäri işleýärdi. Ondan öň ol Türküstan ASSR-niň/Awtonom/ Ýer işleri halk komissary, 1920-nji ýylyň sentýabryndan bolsa Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy, şol bir wagtyn
özünde hem Fergana frontunyň Rewolýusion Harby Sowetiniň başlygy bolup işläpdi.
Maslahatda möhüm gürrüňler edilýärdi. Ol gürrüňleriň soňy gyzgyn jedele çenli baryp ýetýärdi.
Her bir mesele dogrusynda düýpli gürrüň edilýärdi. Maslahata gatnaşyjylaryň hiç birisinde-de
heniz täze bolşewistik döwleti dolandyrmakda ýeterlik tejribe ýokdy. Gürrüň Buhara
respublikasynyň kooperatsiýasyna syrykdy. Atabaýew gürrüňe goşuldy. Ol gep aýlap oturmady:
2
3
Awtoryň bu garaýşy düýbünden nädogry, sebäbi, Türkmenistandaku “Aklar” bilen “Gyzyllaryň” özara
çekeleşiginden bizar bolan Han Ýoumut, Kümüşdepä (Türkmensähra) gidende, Gaýgysyz ýörite adam
iberip, haýyş-töwella bilen Han Ýomudy yzyna çagyrýar.
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
— Men özümiziň ýerli ilaty kooperasiýa işine çekişimiz hakda aýtmakçy. Buharada bu işin
gowşakdygyny nazara alyp, ony döwlet söwdasynyň işi bilen ugrukdyrýarys. Düşnükli bolar
ýaly, häzir respublikanyň içki ykdysady ýagdaýyna gysgaça häsiýetnama bereýin. Buhara öz
ykdysadyýeti boýunça birnäçe raýona bölünýär. Aýdaly, Gündogar Buharada esasan galla hemde maldarçylyk bilen meşgul bolunýan bolsa, Garşyda maldarçylyk, Kerkide halyçylyk bilen
meşgul bolunýar. Bu ýerde köp mukdarda garaköli bagana-da alynýar. Şeýle köp mukdarda alynýan önümler bilen bütin respublikany doly üpjün etmäge mümkinçiligimiz bar. Emma obalarda
söwdanyň gaty gowşak guralanlygy sebäpli, üpjün ediliş ýaramaz. Çünki Buhara şäheri özüniň
ýerleşişi boýunça esasy ýoldan çetde. Şu sebäpli hem ol önüm öndürýän raýonlary öz
töweregine ykjam ýygnap bilenok. Gepiň gysgasy. ol söwda merkezi bolup bilenok. Şonuň
üçinem biz uly merkezlerdäki kooperasiýa bil baglap, gyşlaklarda bolsa paýlanyş we taýýarlanyş
kooperasiýasyna esasy ünsi gönükdirýäris.
Eger-de bize azda-kände şeýle iş alyp barmak başartsa, onda kooperasiýa işini gowy ýola
goýdugymyz hasaplarys.
Hususan-da, döwlet söwdasynyň kömegi bolmasa, kooperasiýa özüne tabşyrylan ýumşy bitirip
bilmez. Şu sebäbe görä, Buharada kooperasiýa işini ýola goýmaklyk alyjylar bilen önüm
öndürýänleriň arasyndaky berk hyzmatdaşlyga, has anyk aýdylanda, döwlet söwdasy bilen
hyzmatdaşlyga bil baglamaly.
Başlyklyk ediji ondan:
— Siziň kooperasiýaňyza meýletin kabul edilýärmi? — diýip ondan sorady.
—Hawa.
— Näçeräk çleniňiz/agza/ bar?
— On bäş müň.
Başlyklyk ediji närazy äheňde gürledi.
— Meň pikirimçe, ýoldaş Atabaýew ýalňyşýar. Bu hakda ozal siziň bilen Halk Komissarlar
Sowetiniň başlygy ýoldaş Muhi_etdinow gürleşen bolmaly. Her niçigem bolsa, biz öz pikirimizi
bir ugra gönükdirmeli: medeni güýçleriň azlyk edýänligi sebäpli, Buharadaky hem-de
Horezmdäki esasy toparlary differenenrläp bolanok. Has takygy aşaky ýaçeýkalardan ugur
almaly.
Gürrüňe Orta Aziýa ykdysadyýet Sowetiniň başlygynyň orunbasary Kilçewskiý goşuldy:
— Önümleriň haýsy bazara niýetläp alip çykarylyşy hakda gürrüň gidende, Orta Aziýa merkezi
meselesi aýratyn ähmiýete eýedir. Eger-de dünýä bazary hakda gürrüň gidýän bolsa, onda onuň
bahalaryny ýa-da bolmasa standartlygyny dikeltmek üçin aýratyn bir gurama ýa-da organ
zerurlygy ýok. Eger-de, önüm Russiýa bazarlaryna çykarylsa, onda şeýle gurama gerek bolar.
Ýöne önümi Orta Aziýanyň öz içine ýaýratmaly bolsa, onda ýaňky aýdylýan merkeziň zerurlygy
4
ýüze çykýar. Türküstan barada aýdamyzda bolsa, ol mesele çözüldi hasap. Fergana Soýuzynyň
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
döredilmegi bilen Çimkentiň arasynda şertnama baglaşylar. Olar-a çimkentlilere galla öndürip
bererler, beýlekilerem öz gezeklerinde miwe önümlerini öndürerler.
— Mende bir teklip bar — diýip, ykdysadyýet Sowetiniň başlygy Mežlauk aýtdy.
— Meniň aňlaýşyma görä, häzir Orta Aziýa merkeziniň zerurlygy ýok. Şonuň üçinem
kooperatiwi ugrukdyrmak meselesine ýolbaşçylyk etmekligi Orta Aziýa ykdysadyýet Sowetine
tabşyrmaly. Atabaýew ýerinden turdy. Ol:
— Mende-de teklip bar — diýdi. — Men kooperasiýanyň käbir ugurlar boýunça ýörite
görnüşlerini döretmeli diýmekçi bolýan. Aýdaly, üzümdarçylyk, ýüpekçilik... Çünki bu
ugurlardan hiç bir hili öne gidişlik duýlanok. Men çarwaçylyk raýonlarynda-da kooperasiýanyň
döredilmeginiň tarapdary.
Mežlaugyň hem-de Atabaýewiň opta atan teklipleri biragyzdaw goldanyldy.
***
Aýal-gyzlar meselesi
1925-nji ýyltň 8-nji mart güni Poltoraikiý/Aşgabat/ şäherindäki Okuwçylar öýüniň töweregi toý
mähellesini ýadyňa salýardy. Bu ýerde ýene-de sanlyja wagtdan daýhan we işçi aýallaryň
uçreditel/maslahat/ gurultaýy açylmalydy.
Delegatlaryň/wekilleriň/ köpüsi şäher diýlen zady ilkinji gezek görýärdi. Daýhan aýallar
gurultaýa howlugyp barýardylar. Olaryň köpüsiniň ellerinde, arkasynda çagalary bardy. Aýallar
öň hatara geçip oturýarlar.
Gurultaýy Ene Kulyýewa açdy. Gurultaýy çagyrmak hakda inisiatiwa bilen çykyş eden
Nadežda Kleýmana söz berilýär. Prezidiuma saýlananlaryň arasynda Sähetmyradow,
Mežlauk, Atabaýew, Kulyýew, Wellekow, Amanekow, Lýubimowa, Nýurina, Kulyýewa,
Kleýman, Şister, Lewina dagy bardy. Olar bilen bilelikde Garja Agajanowa, Garajaýewa,
Üzümgül, Zeýnep Astankulowa, Zunatap Jorabaýewa, Dursun Çary we beýlekiler hem
otyrdylar. Gurultaýa gatnaşyjylary TK (b) P MK3-nyň sekretary H. Sähetmyradow gutlaýar. Soňra
TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň/Şura/ başlygy Gaýgysyz Atabaýew tribunada peýda bolýar.
— Sowet häkimiýetiniň duşmanlary gaty köp. Olar aýratynam aýal-gyzlaryň ýagdaýy hakynda
gaty kän çykyş edýärler. Aýal-gyzlaryň azatlyga çykarylmagy molladyr işanlaryň, baýlaryň
gonjuna gor guýdy — diýip, ol söze başlady.— Türkmen aýaly geçmişde hak-hukuksyzdy.
Adam hasabyn- da görülmedi. Erksiz-ygtyýarsyzdy, lal’dy. Atasy öz gyzyny zat üçin burny
maňkalyja oglana ýa-da bolmasa ýetmiş ýaşly garra satyp goýberýärdi. Asyrlarboýy
Türkmen gyzynyň gözýaşy sil bolup akdy. Emma onuň gözýaşy hiç kimiň ýüregini
awatmady. Indi döwür başga, indi döwür siziňki, gadyrly aýallar! Siz täze döwrüň
bagtyýar aýallary...
TK(b)PMK= Türkmenistan Kommunistik Bolşewik Partiýasynyň Merkezi komiteti.
5
3
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
Gaýgysyz Atabaýewiň sözleri şowhunly el çarpyşmalaryň arasynda ýitip gitdi.
***
Atabaýew Moskwadaky mashatda
1927-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Moskwada SSSR MIK4-niň Prezidiumynyň mejlisinde TSSR
HKS5-nyň başlygy G Atabaýewiň hasabaty/çykyşy/ diňlenilýärdi. Mejlis başlamazyndan öň
Gaýgysyz Atabaýewi, Mihail Iwanowiç Kalinin kabul etdi.
Mihail Iwanowiçiň Türkmenistana gelip gideniň şol gün göni iki ýyl bolupdy. Iki ýylyň içinde
respublikada bitirilen işler az däldi. Ol Gaýgysyz Atabaýewden köne tanyşlaryny sorady
Gyzylarbatly işçileri, maryly daýhanlary ýatlady. Mihail Iwanowiç Kalinini respublikada halky
sowatly etmek ugrundaky alnyp barylýan işler gyzyklandyrdy Gaýgysyz Atabaýew oňa öz işleri
hakda aýtdy:
— Mihail Iwanowiç, işler hiç neneň däl. Ýöne aňsadam däl. Mugallym kadrlary ýetmezçilik edýär.
Umumy başlangyç bilime geçmek üçin alty müňe ýakyn mugallym gerek.
Soňra ol Türkmenistanyň iki okrugynda ýer-suw reformasynyň amala aşyrylandygy hakda-da,
pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyryşlary hakda-da, Türkmen topragynda baslygyp ýatan
ýerasty ummasyz baýlyklar hakda-da aýtdy. Akademik Fersmanyň Garagum çölünde kükürt
ýatagňnyň üstüni açandygyny, onuň zapasynyň bolsa ägirt köpdügini habar berdi.
Mihail Iwanowiç Kalinin Atabaýewiň gürrüňini üns berip diňledi. Sowal üstüne sowal berdi.
— Täsin, gaty täsin. Göräýmäge, tozap ýatan çöl weli, emma onuň aşagynda ummasyz baýlyk
ýatyr. Ol halkyň baýlygy. Näme diýseňizläň, ýoldaş Atabaýew, mejlisden soň, siziň haýal etmän
uly alymlar bilen gürrüňdeş bolmagyňyz gerek. Ol baýlyklary halkyň eşretine ýaratmak üçin
haýal etmän işe girişmeli.
— Men hem şeýle pikirde, Mihail Iwanowiç! Eýýäm alymlaryň birnäçesi bilen duşuşdym. Olaryň
hemmesi-de bize kömek bermäge göwünjeň razy.
— Gaty gowy. Türkmen topragyna ýene-de bir gezek tagzym edýärin! Dolanyp baraňysyzdan
soň, bütin Türkmen halkyna meniň bolşewik salamymy gowşurmagy unutmaň!
Ol Atabaýewiň elini berk gysdy. Mihail Iwanowiç garşysynda duran adamyň göreçlerinde öz
halkynyň, partnýanyň işi üçin egsilmez ylhamyň, uly gujur-gaýratyň, beýik yhlasyň arassa
nusgalaryny gördi.
Şondan bir aý geçenden soň Moskwalan dolanyp gelen Atabaýew öz halkyna şeýle habar berdi:
«Men Moskwada SSSR Merkezi Ispolnitel/ijraiýe/ Komitetine doklad/çykyş/
üçin gitdim. -Berlen pursatdan peýdalanyp, SSSR Merkezi Ispolnitel
5
MIK=Merkezi Ijraiýe Komiteti.
HKS= Halk Komissarlar Soweti. Weziler kabineti
6
4
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
Komitetiniň bujet komissnýasynyň işine gatnaşdym. Mejlisiň işi döwründe
men Türkmenistaň respublikasyna degişli meselelerin ençemesini merkezi
guramalaryň dykgatyna ýetirdim... hojalyk we söwda edaralarynyň ählisini
Horasandan(Maşatdan) Poltoraska/Aşgabada geçirmeklik hakdaky teklibime
garaldy. Men bu teklibimi Zähmet we Goranmak Sowetiniň öňünde goýupdym.
Şeýle hem meniň SSSR Rewolýusion harby sowetiniň öňünde goýan milli
goşun bölümlerini territorial prinsipde düzmek hakdaky messläme hem
garaldy. Şeýle edilende Türkmen ýigitleriniň köp bölegini Gyzyl Goşuna
çagyrmaga mümkinçilik dörär. Şeýle hem ol ählumumy harby gullugy
geçirmek, gulluga täze çagyrylanlaryň maşgalalaryna kömek üçin ýörite
serişde goýbermek işlerimizi ýeňleder. Galyberse-de, ýaş ýigitleriň Gyzyl
Goşuna köp çekilmegi ýurdy sowetleşdirmek işini ep-esli çaltlandyrar, Biziň
bu teklibimizem Rewolýusion harby sowet tarapyndan oňlanyldy. Ylymlar
akademiýasy bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýmak maksady bilen Leningradda
boldum.- Ol ýerde men akademik Bartold bilen Türkmenistanyň hem-de
Türkmen
halkynyň
geçmiş
taryhyny
ýazmak
hakda,
professor
Samoýlowiç hem-de beýleki alymlar bilen Türkmen ýazuwynyň hem-de
edebiýatynyň taryhyna degişli işleri ýazmak hakda, akademik Fersman
bilen bolsa Türkmenistanyň fiziki-geografiki taryhyna degişli meseleler
dogrusynda oçerkler tapgyryny ýazmak hakda gepleşik geçirdim.
Ylymlar akademiýasy Garaguma ekspedisiýa gurap, bar bolan kaklaryň
geografik kartasyny düzmekligi öz üstüne aldy.
Başga-da birnäçe mesele orta atyldy. Emma olar entek anyk çözülenok. Şonuň
üçin olar hakda aýtmaklygyň häzirlikçe zerurlygy ýok».
Öz halkynyň uçursyz uly hormatyna eýe bolan Gaýgystz Atabaýew nirede bolsa- da ilki bilen
halk bähbidine ymtylýardy. Olaryň agyran-ynžan ýerlerini, arza-şikaýatlaryny diňläp görýärdi.
Bütin_Türkmenistan Sowetleriniň II gurultaýynda-da şeýle boldy. Atabaýew gurultaý başlanmazyndan öň respublikanyň dürli raýonlaryndan gelen adamlar bilei çaý başynda söhbetdeş
boldy. Ilki özi gürledi. Ýer-suw reformasyndan söz açdy. Basym şeýle reformanyň Kerkidir
Çärjew, Daşhowuz okruglarynda-da geçiriljekdigi barada aýtdy. Soň bolsa «Kimiň näme aýtjak
zady bolsa, çekinmän aýdybersin!» diýdi.
— Ýoldaş Gaýgysyz, şu suw meselesi bizi halys ynjalykdan gaçyrdy. Bäherdeňiň ýeriniň köp
böleginiň käriz bilen suwarylýandygyny özüňem bilýänsiň—diýip, ilki söze başlan ýaşuly
ýerinden gobsundy. — Emma weli, indi telim ýyldan bäri öňki suwly kärizleriň köpüsi gurap
7
galdy Ýekeje owurdam suw ýok.
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
— Näme sebäpden? — diýip, Atabaýew sorag berdi.
— Sebäbi, ýoldaş Gaýgysyz, öz bilşiňiz ýaly, ozal kärizleriň ählisi baýlara degişlidi. Olar hem öz
kärizlerini arassaladardylar. Olarda güýjem bardy, ýeterlik serişde-de. Indi o kärizler garypgasaryň eline geçdi. Muň üçin hökümetden köp razy. Ýöne o kärizleri arassalar ýaly garypgasarda hiç hili ýagdaýam ýok, mümkinçiligem.
Ýaşuly, Bäherdendäki ýagdaýdan meniň habarym bar. Onuň üçin hökümet tarapyndan ýeterlik
serişde goýberildi. Ýöne onam ulanmagy başarmaly. Bar günä «Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa
habarym ýok» edip, gözüni ýumýanlarda. Biz o tetelli adamlaryň basym çaňyny kakarys. Ýany
«garyp-gasar» diýdiňiz. Indi garyp-gasar ýok. Arkasynda dag ýaly bolup duray hökümetli
daýhan bar. Siziň ýerleriňizin hemişe gül öwsüp durary ýaly, bizde serişde-de bar, ýeterlik
güýjem.
— Sag bol, ýoldaş Gaýgysyz, ömrüň uzak bolsun!
Ýaşulynyň sesi sandyrady. Dogrudanam, ol biçak tolgunýardy.
Gürrüňe kyrk ýaşlaryndaky bir adam goşuldy. Ol özünin Rahymdurdy Gylyç ogludygyny,
Dänewden gelendigini aýtdy.
— Ine, ýetirinin bilmeýän daýhana kömek bermeli, karz pul bermeli diýýäler. Gowy zat. Emma
biz-ä onuň hözirini göremzok.
— O näme üçin?. — Menem «näme üçin?» diýip soramakçy. Näme üçiniň sebäbi, karz-kowal
bermeli guramanyň başynda daýhanyň ýagdaýy piňine-de däl adamlar otyr. Karz-kowaly barly
adamlara, dükanly adamlara berýär.
— A onsoň siz ýerli guramalara ýüz tutmadyňyzmy?
— Tutduk. Tutaňda näme! Gaýtam, «Karzyňy soň nädip üzjek! Ýyrtyk donuňy berjekmi?» diýip,
ýassylap goýberýärler.
Atabaýewiň gaşlary çytyldy. Öňünde ýatan kagyza bellik etdi. Sowuk_ganlylygyny saklady.
Gyzybermedi. Ol gürrüňdeşiniň gözlerine seretdi. Elleri gabarçak-gabarçak bu adamyň çynydy.
Halys janyna degensoň, onuň sözleri ýürekden çykypdy.
Ýakyn wagtda özüniň Lebap boýuna komandirowka gitmelidigi Atabaýewiň ýadyna düşdi. Bu
zeýilli gürrüňiň aňyrsynda uly zatlar ýatyr. Daýhanyň täze durmuşa bolan ynamyny berkitmeli,
Eýsem-de bolsa, beýle waka bir ýerde bolup geçenliginde, onuň öňüni şo gün alsa bordy. Emma
8
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
şeýle wakalar soňky döwürde onuň gulagyna ýygy-ýygydan ilýärdi. Hawa-da, duşman dek
ýatanok. Ol şu zatlar hakda dem salymda içinden pikir öwürdi-de:
— Şeýle diýseňizläň. Ýyrtyk donla karz bermek islänoklar-da? Ony görüberýäs.
Daýhanlar bilen gürrüň esli wagta çekdi. Garrygaladan Täçmyrat Oraz ogly, Esenguludan
Mämmet we başga-da birnäçe adam öz obalarynyň ýagdaýy bilen Atabaýewi tanyşdyrdy.
1925-njn ýyltn 14-nji sentýabrynla Maryda ýer-suw reformasynyň geçirilişine bagyşlanan uly
ýygnak boldy. Ýygnagy TSSR Halk Komisearlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew geçirdi.
Gaýgysyzdan başga-da Aşgabatdan bir topar adam gelipdi. TSSR Içeri işler halk komissary Bäşim
Gulbeşerow, Magaryf halk komissary Bäşim Pereňliýew, «Goşçular» soýuzynyň başlygy
Saparja Amanekow, Suw hojalygy uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary Hajy Atabaýew
we başgalar bardy. Şol ýygnakdan soň, okrugyň ähli ýerinde ýer-suw paýlanyşygy başlandy.
Barly adamlar öz ýerlerinden, suwundan jyda düşmežek bolup, her hili hilä baş urýardylar. Bir
gezek şo zeýilli adamlaryň birnäçesine Gaýgysyzy ynandyrmak başartdy. Şäheriň etegindäki
obalaryň birinden 5—10 adam Gaýgysyzyň ýanyna arza-şikaýata geldi. Olaryň ýer-suw
paýlanyşygynyň uçastok komissiýanyň başlygy Gul_işan Hümmedowy ýamanlaýardylar. Onuň
özlerine ýer-suwdan ýetdik paýlaryny bermeýändigi hakda aýdýardylar. Gaýgysyz daýhan
eşigine giren adamlara ynanman durup bilmedi. «Hümmedow, belki-de, ýaşlyk edýän bolaýmasyn?» diýip, içinden pikir öwürdi. Atabaýew onuň agasy Garagöz işana-da gaty beletdi.
Garagöz işan graždanltk urşy ýyllarynda Maryda ak gwardiýaçylar tarapyndan atylyp öldürilipdi.
Ol daýhanlara ýer-suwdan ýetdik paýlaryny bermek üçin görkezme kagyzy bada-bat
taýýarlatdy. Elleri kagyzly ol adamlar gele-gelmäne heşelle kakyp başladylar. Emma Hümmedow
olara ýeriň berilmejekdigini aýtdy. Olar ýene-de Mara, Gaýgysyzyň ýanyna at saldylar. «Kulyýew
seniň buýrugyňy ýerine ýetirenok» diýdiler. Gahary gelen Atabaýew ikinji gezek hat iberdi. Ikinji
gezek hem buýruk ýerine ýetirilmedi. Komissiýanyň başlygy ol adamlaryň aldaw ýoly bilen iş
gurnandyklaryny paş etmek üçin Atabaýewiň ýanyna ýola düşdi. Atabaýewiň işläp oturan
jaýynyň agzynda ýaňky dawakeşler hümer bolup durdy. Olaryň ýaşulusy Kömek baý, ýaş
oglanyň öňüne böwet boldy. Ony Atabaýewin ýanyna goýbermejek bolup, höre-köşe etmäge
durdy.
— Sen şu işe goşulma. Biz seni ömrüň ötinçä hor bolmaz ýaly edeli. Bir horjun çerwonis pul
bereli — diýip, Kömek baý ýalbarmaga başlady. Ýaş ýigit:
— Men özümi pula satamok— diýdi-de, onuň döşünden itip, kabinete girip gitdi. Kabinetde
Atabaýewiň ýeke özüdi. Ol Hümmedowy görüp, ýerinden turdy. Onuň gaty gaharynyň
gelendigini gözlerinden bada-bat aňmak bolýardy.
9
— Sen näme meniň buýrugymy ýerine ýetireňok?
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
Ýaş ýigit özüni dogumly alyp bardy:
— Ýoldaş Atabaýew, biz seniň öz beren görkezmeleriň boýunça işleýäris. Ýaňkylar ýersizsuwsuz adamlar däl. Olar öz ýaşaýan obalarynda ýetdik paýlaryny alan adamlar. Böri obasynda
bolsa 10—15 ýyldan bäri kärendesine ekdirýärler.
Gaýgysyz knopkany/jaň/ basdy. Gapydan Hajy Atabaýew girdi. Ol bolan işi oňa düşündirdi hemde onuň anygyna ýetmegi Haja tabşyrdy. Tabşyryk alan Hajy Atabaýew ara uzak wagt salman,
işiň anygyna ýetdi. Hümmedowyň dogry hereket edendigi hakda Atabaýewe habar berdi. Şonda
Gaýgysyz ýaş ýigidiň elini berk gysdy:
— Köp sag bol!
***
Jüneýit han meselesi
Türkmenistan özbaşdak respublika diýlip yglan edilenden soň, Jüneýit han hökümete ýüz
tutýar. Eger-de ol mundan beýläk “talaňçylykly işlerini bes edip”, täze durmuşy goldasa, onuň
günäsiniň geçil- jekdigi hakda hökümet karara geldi6.
Emma Jüneýit «şertim şahyma» etdi. Ol öz töweregine adamlary ýygnamagy dowam etdirip;
ugrady.
Jüneýidiň ýakyn adamlarynyň dildüwşük gurap, ony ýok etjek boluşlary hakda Gaýgysyz
Atabaýew eşidipdi.
Hanyň janpenalarynyň birine Amannyýaz diýýärdiler. Hywa hany Isfendiýar hana garşy ýöriş
edilende-de, Gyzyl Goşunyň zarbyna çydaman ýeriň asty bilen gaçylanda-da ol han agasynyň iň
golaý adamydy. Jüneýidiň janyna kast ediljek boluşy hakda welin, Amannyýazyň özi gyzyl
esgerlere gürrüň beripdi.
«...1927-nji ýylyň tomus aýlarydy. Gyzyl Goşunyň Jüneýidi yzarlap, ony amana
getirýän döwrüdi. Amannyýaz Gyzyl esgerlere şeýleräk gürrüň beripdi: «Biz
1925-nji ýylda Jüneýidiň baştutanlygynda on sekiz adam bolup Owganystana
gitdik. Owganystanly beg hany gadyrly garşy aldy. Iňlisler bolsa bizi
maşynlaryna mündürip, Sowet häkimiýetine garşy göreşmegiň ýollaryny
maslahat berip, ondan-oňa gepleşik geçirmäge äkidýärdiler.
10
Jüneýit han hakyndany bu toslamalaryň ýapa degmeýändigini, hanyň abraýyny pese düşürmek üçin
aýdylan hem ýazylandygy hakda Rahym Esenow uly göwrümli makala ýazdy. Jüneýit han dogrudanama
bir milli gahrymandy we muny G.Atabaýew hem ykrar edipdi. (A.G)
6
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
Han Sowet hökümetine ýüz tutsa-da, barybir öz garamagyndaky nökerlerini
boşadyp goýbermedi.
Şondan soň biz handan we onuň ýakyn adamlaryndan dynmagyň maslahatyna
geldik. Biz altmyş adamdyk. Bellenen wagta ýarym sagat galypdy. Eger-de
Hoja Bala diýen näkes dönüklik etmedik bolsa, belki, siz häzir bu ýerlerik
gelip, Jüneýidi yzarlamasaňyzam yzarlamazdyňyz. Hawa, onsoň men Jüneýidiň
ogly Eýmir bilen -gümür-ýamyr edişen bolup, ony güýmäp otyrdym. Çünki
goýun sürülerini sürüp getiren ýoldaşlarymyň ýygnapmagy üçin wagt
utmalydy. Garaňky gatlyşypdy. Birdenem hanyň uly ogly Eşiniň ýanyna Hoja
Bala geldi-de, onua golagyna bir zatlar diýişdirdi. Olar derrew Jüneýidiň
bolýan öýüne girdiler, Ýüregim eýmenç bir zady syzdy. Adamlar öýden
hasanaklaşyp çykyp başlady, Men ylgap, zordan ýoldaşlarymyň arasyna baryp
ýetdim. Eýýäm atyşyk başlanan eken. Şonda altmyş adamdan ýigrimi sekizisi
öldi. Galany hem boýun egdi. Özümden başga ýene bäş adam bilen atlanyp,
gaçyp gutuldyk...»
Şol wakadan soň, han öz nökerleri bilen galtamançylyga gidende-de, olara ok ynanmandyr. Diňe
gyzyl esgerlere garşy söweşe gidilende ok paýlaýan ekeni. Juneýit geçen ýylam Owganystana
gidip gelipdir. ýöne bu gezek ony öňküleri ýaly gujak gerip garşy almandyrlar. Beg ony kabulam
etmändir, gürleşmändirem. Han şeýdibem şo günün ertesi yzyna dolanypdyr diýýärler. Han indi
owganlara «olaram indi käpir bolupdyr» diýip sögýämişin. Häzirem ol iňlislere iberen
adamlaryna garaşýanmyşyn...
Hökümet başlygy Gaýgysyz Atabaýew, Jüneýit hanyň ömrüniň iň soňky günleriniň ýetip
gelendigini oňat bilýärdi. Onuň garşysyna iberilei 83-nji atly polkuň 8-nji Türkmen otrýadynyň
söweşijileriniň her bir edermenligi hakda ol habarlydy. Ine-de ol ýap-ýaňyja gowşan maglumaty
gözden geçirýär.
«1927-nji ýyl. Şaltaý batyryň şaýkasyna/topar/ garşy söweşe girdik. Söweş 21 sagat 10 minuda
çenli dowam etdi. Sekiz sany nökerini ýitiren Şaltaý batyr tümlükden peýdalanyp, günortagünbatara tarap yza çekildi. Otrýad gijäni söweş bolan ýerde geçirdi. 15-nji awgustda otrýad 45
atly hem-de iki sany pulemýot/moselsel/ bilen ýola düşdi... Jüneýidiň şaýkasy 250—300 atly
töweregi. Olar bäşinji oba Sowetiniň töwereklerinde ýer edinipdirler. Jüneýit özüniň Ýylanly
şäherini basyp aljakdygy hakdaky habary ýaýradýar. Polk komandiri Dmitriýew Jüneýit han
bilen 5-nji noýabr güni Ataguýy diýlen ýerde söweşe girmäge mejbur boldy. Altmyş sany gyzyl
Galanlary bolsa Ajyguýa tarap çekildi. Hanyň nökerleri basga düşdi. Olar bölek-bölek bolup ýesir
11
esger hanyň nökerleriniň üstüne ýyldyrym bolup eňdi. Han şol söweşde 26 sany nökerini ýitirdi.
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
düşdüler. Hanyň ýanynda bary-ýogy 30—40 nökeri galypdy. Onuň yzyny dowam etdirjek
wepaly kömekçisi Anna Bala-da şol söweşde öldi. Noýabryň sekizi bilen ýigrimisi aralygynda
hanyň nökerleriniň ellisi meýletin gelip, ýaraglargny tabşyrdy. Şeýdibem Türkmenistanda iň uly
topar derbi-dagyn edildi.
***
Türkmen medeniýeti instituty, medeni çäreler
1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Moskwada SSSR Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky
Türkmenistan komissiýasynyň mejlisi boldy. Onda Türkmenistany dürli ugurlar boýunça
öwrenmek barada gürrüň gitdi. Mejlisiň işine akademikler Samoýlowiç, Fersman, professorlar
Bartold, Pawlowskiý, Filipçenko, Raýewskiý bilen bilelikde TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň
başlygy Gaýgysyz Atabaýew hem gatnaşdy. Ilki bilen akademik Samoýlowiç çykyş etdi:
— Şu günki gürrüňimiz Atabaýewiň biziň öňümizde goýan meseleleri hakda bolar. Ýaňy
goýberilýän serişdäniň möçberi hakda ol biziň hemmämize habar berdi.
Häzir bolsa, respublikada köne medeni ýadygärlikleri dikeltmek ugrunda alnyp barlan iş hakda
Material medeniýet akademiýasşdan Ýakubowskiý çykyş eder.
— Bizin işgärlerimiz indi iki ýyldan bäri Köneürgençde iş alyp barýalar — diýip, Ýakubowskiý
söze başlady.—Işiň möçberi gaty uly, özem örän çylşyrymly. Mary-de dikeldiş işlerini dowam
etdirmeklik göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, Meşedi Misrian’da-da gazuw işleriniň alnyp
barylmagy gaty zerur. Bu iş Köneürgenji öwrenmek bilen baglanyşyklydyr,
..... Atabaýew söze goşulýar:
— Biz bu mesele dogrusynda giňişleýin gürrüň edipdik. Şonuň üçinem gürrüňi uzaldyp oturman,
Material medeniýeti akademiýasynyň bu meseläni tizara gowy öwrenip, edilmeli işler hakda
Türkmen medeniýeti instituty ýa-da Türkmenýstan hökümeti bilen ylalaşmagyny soramaly.
Köneürgenje 5000, Mary üçin 1500, Meşedi-Misrian üçinem 1500 manat pul goýberiler.
— Bu işler üçin ozal Türkmen medeniýeti institutynyň hem-de Türkmenistan hökümetiniň
düzen planynda üç müň manat goýberilen ekeni. Ýene-de goşmaça bäş müň goýberiljek-dä —
diýip, akademik Samoýlowiç seslendi.—Änewden daşgary ýene-de on müň manat pul
goýberilýär...
Indiki mesele respublikanyň fiziki- geografiki ýagdaýyny öwrenmek hakdady. Samoýlowiç bu
mesele dogrusynda Şerbakowyň çykyş edýändigini mälim etdi. Şerbakow bilen akademik
Fersman Türkmenistana ilkinji ýola 1925-nji ýylda gelipdiler. Olar Garagumy aýlanyp, onuň
astynda ummasyz baýlygyň ýatandygyna, ilkinji nobatda hem geografik kartanyň zerurdygyna
12
göz ýetiripdiler. Şu maksat bilenem olar ilkinji gezek ekspedisiýa guradylar. Otrýad Jebelden tä
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
Hywa çenli aralyk ýoly geçdi. Emma olar “basmaçylaryň” çölde ot ýakdyrmaýandyklary sebäpli,
yzlaryna dolanyp bilmändirler.
— Häzir Garaguma gitjek ekspedisiýanyň ähli etjek işleriniň plany bizde taýýar — diýip,
Şerbakow habar berdi.— Ol ekspedidiýa tä Kelif Uzboýuna çenli ýol geçip, ol ýerleri gowy
öwrener. Kelif Uzboýynyň ugruny öwrenmegimiz onuň Murgaba akandygy ýa-da akmandygy
baradaky möhüm meseläni çözmegimize ýardam eder. Bu işler dogrusynda biz Ýer işleri
komissarlygy bilen gepleşikler geçiripdik, emma, gynansak-da, komissariýat häli-bu güne çenli
bize jogap berenok.
— Bu işler üçin näçeräk möçberde serişde gerek bolar? — diýip, Atabaýew ondan sorady.
— Ýigrimi müň manat töweregi.
Şerbakow sözüni dowam etdirdi:
— Kelif Uzboýyny öwrenmek işleri örän möhüm mesele. Geljek ýyl biz demirgazyk Garagumy
öwrenmegi göz önünde tutýas. “Şasenem galasy”nyň ýanynda köl bar. Bu raýonyň tutuş
Garagumdan tapawutly ýerleri bar. Ine, şu dört sany ekspedisiýany gurap bilsek, biz onda
Garagumuň takyk kartasyny düzüp bileris.
Atabaýew onuň sözüni böldi:
— Günorta Garagum hakda hiç zat diýmediňiz. Ol plana girenokmy? — Ol hakda gürrüň
gozgamanlygymyň sebäbi bar. Professor Dubinskiniň bu raýon hakda örän täsin işleri bar. Ol
ýerler hakda heniz çap edilmedik işlerem ýatyr. Günorta Garagumda alnyp barylmaly işler düýbünden başgaça Aýdaly, ol ýerde ykdysady geografiýanyň maksady bilen baglanyşykly işler
alnyp barylsa-da bolar.
— Geçen gezekki mejlisde Türkmenistanyň fiziki-ykdysady geografiýasyna degişli işleri neşir
etmek hakda-da mesele gozgalypdy. — Meniň pikirimçe, häzir bu meseläni orta atmak irräk.
Golaý wagtda biziň taýýarlan «Türkmenistan» atly ýygyndymyz neşir edilýer.
Gürrüne Fersman goşuldy:
— Birinji wezipe ekspedisiýanyň başlan işlerini soňuna çenli dowam etdirmek. Ikinji wezipe
bolsa toplanan maglumatlaryň esasynda gowja bir okuw kitabyny neşir etmeli.
— Biz tebigy baýlyklarymyz hakda örän ujypsyz zat bilýäs — diýip, Atabaýew dowam
etdi.— Şonuň üçinem bize bu işde zerur kömek bermegiňizi soraýarys. Siz ine iki ýyl mundan öň
Garagumda kükürdiň uly zapasynyň üstüni açdyňyz. Biz indi ol ýerde äpet uly kärhana gurýas.
Çelekende-de birgiden baýlyklaryň bardygyny açdyňyz. Munuň üçin köp sag boluň. Ýöne bizi
has biynjalyk edýän başga mesele. Suwuň Türkmen topragy üçin nähili zatdygyny size
düşündirip oturjak däl. ýene sizden etjek haýyşym, suwy hiý bolmanda Üç_aja getirmegiň
ýollaryny çözmeli. Suw Uç_aja, soňam demir ýol liniýasyna golaý getirilen ýagdaýynda, 300 müň
hektar ýeri özleşdirmäge bizde mümkinçilik bolar.
13
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
— Biz hem şeýle pikirde — diýip, professor Gluşkow seslendi. — Ýöne suwuň ugry Uç_aja tarap
öwrülse amatlymy ýa-da ondan sagrak tarapa?—Elbetde, Üç_aja tarap. Bu biziň üçin gaty
ähmiýetli.
— Bu meseläii Aşgabatda hem çözüp bolar — diýip, Fersman jogap berdi. — Gidrogeologiki
maksat üçin goýberilen serişdeden çykylmasa ýagşy. Köpetdag üçin 53 müň töweregi, Garagum
üçin 48 müň, Başsaka stansiýasy üçinem 50 mün manat tassyk edilen. — Size mälim bolşy ýaly.
Türkmenistanda şor suwly käller az däl. Günüň kömegi bilen şony agyz suwy hökmünde ulanyp
bolmazmyka? Atabaýewiň bu soragyna Fersman jogap berdi:
— Bu meseläniň üstünde akademik Ioffe eýýäm işläp ýör. Belli bir iş edilensoň, bu mesele hakda
siziň bilen maslahatlaşarys. Akademik Samoýlowiç indiki garaljak meseläniň respublikanya
ösümlik dünýäsine degişlidigini aýtdy. Bu hakda professor Makuşenko çykyş etdi:
Garrygalada bölüm döretmek hakda ozal professor Pisarýew, Atabaýew bilen gepleşik
geçiripdi, ýöne iş birneme gijikdirildi. Çünki täze dörediljek bölümiň ýerini anyklamak üçin
gitmeli adamlaryň biri Popow Hytaýdan gelýärkä, ýolda aýagyny döwdürip, Almaatanyň
keselhanasynda ýatyr. Häzir Garrygalada biziň wekilimiz Kobelew bölümiň haýsy ýerde
gurnalsa gowy boljakdygyny kesgitlejek bolup ýör. Geçen ýyl şol ýerde kauçugy ösdürip
ýetişdirmäge käbir synanyşyk etdik. Bu ösümligiň ösmegi üçin o ýeriň amatly gyşy bar.
Şeýle hem dub agajy hakda-da iş alnyp baryldy. Garrygaladaky tejribe stanniýasy bu işi öz üstüne
alýar. Onsoňam, Parhaý jülgesi onuň üçin örän amatly ýer.
Biz beýleki peýdaly ösümliklerin ösdürilmegi hakda-da alada edýäs. Gury sub_tropik
ösümlikleriň daýanç punkty hökmünde Türkmen bölümini döretmek pikirimiz hem ýok däl,
ýöne Aşgabatda Botanika bagyny döretmek hakdaky gürrüňe känbir hä beresimiz gelenok.
Çünki Aşgabadyň gyşy sowuk bolýar. Käbir subtropik ösümlikler gyşda heläk bolar. Eger-de şol
bag Garrygalada dörediläýse, onda biz bu işiň çaltlandyrylmagyna öz goşandymyzy goşarys.
Professor Fedçenko onuň soňky pikirine goşulmady:
— Makuşenkonyň ýanky adyny agzan ýerlerine men gaty belet. Botanika bagynyň saýlanyp
alnan ýeri hakda hiç hili säwlik goýberilenok. Aşgabat bagy. hakda edilen iş az däl. ýöne daşary
ýurtda ýerleşýän botaniki baglar bilen aragatnaşygy ýola goýmak gerek. — Institutyň
Repetekdäki hem-de Garrygaladaky işlerine diňe guwanmaly. Gelejekde-de işiň şeýle terzde
alnyp barylmagy üçin institutyň ýanynda alymlar soweti döredilse gowy bordy — diýip,
Şerbakoa teklip etdi.
Professor Gluşkow onuň pikirini tassyklady:
— Gaty dogry pikir. Repetekde başga işler bilen bir hatarda guýulaň ýagdaýy bilenem
gyzyklanylaýsa kem bolmazdy.
Gürrüň bir ýere jemlendi diýen äheňde akademik Samoýlowiç ýerinden turdy:
14
Türkmeni öwreniş Merkez
Gaýgysyz Atabaýew
— Repetek stansiýasy hakdaky mesele aýdyňlaşaýdy öýdýän. Botanika bagy hakda aýdylanda
bolsa, bu meseläni çözmegi Türkmen medeniýeti institutynyň özüne goýalyň.
Soňra ol tokaý hojalygy meselesine garalýandygyny mälim etdi. Mejlis uzaga çekdi. Gozgalýan
mesele köpdi.
Türkmenistan hökümetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew respublikanyň gülläp ösmeginiň
hatyrasyna ady dünýä belli alymlar- bilen uly-uly döwlet ähmiýetli meseleleri çözýärdi...
Allaýar ÇÜRIÝEW.
«Sowet edebiýaty» № 8. 1986.
15