PDF faýly - Ajapsozluk.com

Sapagy tamamlanymyzda şulary öwrenersiňiz





Cardinal numbers - Mukdar sanlar
Ordinal numbers – Tertip sanlar
One book, two books – Bir kitap, iki kitap diýlende iňlis dilinde köplük goşulmasy
goşulýandygyny
Twenty-one diýlende arasyna “-“ goýmalydygyny öwreneris
Bölek sanlar üçin “.” ulanylýandygyny
1. Mukdar sanlar
a) Mukdar sanlar bir zadyň mukdaryny ýa-da möçberini aýtmak üçin ulanylýar. Mysal üçin:
bir kitap
iki maşyn
üç towuk
alty litr
sekiz sygyr
ýetmiş tonna
million manat
b) Mukdar sanlar bir zadyň belgisini aýtmak üçin hem ulanylyp bilner:
Telefon belgisi: dokuz ýüz togsan üç on iki altmyş elli segsen bäş (993 12 60 50 85)
Sekiz belgili oýunçy meýdança girdi.
Mukdar sanlaryň sanawy aşakda görkezilen. Esasy üns bermeli zatlar şular.



Türkmen dilinde 10-a çenli sanlar üýtgeşik, şondan soň “on bir”, “on iki” diýip aňsatjak bolup
gidýär. Türkmen dili onluk sistemada işleýär. Iňlis dili biraz tapawutlanýar. Ol 12-ä çenli üýtgeşik
atlar bilen dowam edýär. 13-den ýigrimä çenli soňy “teen” bilen gutarýan sanlar bar. Olaram
biri-birine doly meňzäp baranok. Şondan soň biraz ýönekeýleşýär. Ýigrimi bir, otuz bir diýen ýaly
dowam edýär. Şondada her bir sany aýratyn ýat tutmaly.
Türkmen dilinde “on bir, on iki, on üç” diýenimizde aýratyn ýazylýar. Iňlis dilinde bolsa olar bir
sözdür “eleven, twelve, thirteen”
20-den ýüze çenli sanlarda “ýigrimi bir, ýigrimi iki” diýip ýazýan bolsak, iňlis dilinde “twenty-one,
twenty-two” diýip ýazylanda arasyna “-“ (hyphen) belgisi goýulýar.
1




Türkmenler bitin san bilen bölek sanyň arasyna “,” goýýar. Iňlis dilinde “.” ulanylýar. “100,2”
(ýüz bitin ondan iki), iňlis dilinde “100.2” (one hundred point two)
Türkmen dilinde “bir kitap, iki kitap” diýip aýdylanda öňünde san bar bolsa adyň yzyna “lar/ler”
goşulmasy goşulmaýar. “Üç kitaplar, dört maşynlar” diýilmeýär. Iňlislerde eger bir zadyň
mukdary 1-den kän bolsa onda yzyna köplük sanyň goşulmasy “s/es” goşulýar.
Ýüzden soňky sanlarda sanyň iň soňky böleginiň öňünden köplenç “and” ulanylýar.
“Bir” diýmek üçin köplenç “one” däl-de “a” ulanylýar.
Mysallar:
1 – a/one computer – bir kompýuter
12 – twelve books – on iki kitap
57 – fifty-seven students – elli ýedi talyp
102 – a hundred and two years – (bir) ýüz iki ýyl
117 – a hundred and seventeen – bir ýüz on ýedi
100 – one hundred – (bir) ýüz
200 – two hundred – iki ýüz
354 – three hundred and fifty-four – üç ýüz elli dört
1000 – one thousand – (bir) müň
2000 – two thousand – iki müň
86,000 – eighty-six thousand – segsen alty müň
1.6 (iňlisçe) – one point six 1,6 (türkmençe) – bir bitin ondan alty
Bir zadyň näçe gezek bolandygyny aýtmak gerek bolanda, onda üçe çenli üýtgeşik, soň sanyň yzyna
“times” goşmaly bolýar.
Once – bir gezek
Twice – iki gezek
Thrice – üç gezek (könelişen söz, diňe köne kitaplarda duş gelersiňiz)
Three times – üç gezek
ninety-nine times – togsan dokuz gezek
Mukdar sanlar - Cardinal numbers
0. nol - zero, oh, nil, nought
1. bir - one
2. iki - two
3. üç - three
4. dört - four
5. bäş - five
6. alty - six
7. ýedi - seven
8. sekiz - eight
2
9. dokuz - nine
10. on - ten
11. on bir - eleven
12. on iki - twelve
13. on üç - thirteen
14. on dört - fourteen (forteen däldigine üns beriň)
15. on bäş - fifteen
16. on alty - sixteen
17. on ýedi - seventeen
18. on sekiz - eighteen
19. on dokuz - nineteen
20. ýigrimi - twenty
21. ýigrimi bir - twenty-one
30. otuz - thirty
31. otuz bir – thirty-one
...
40. kyrk - forty (fourty däldigine üns beriň)
41. kyrk bir – forty-one
...
50. elli - fifty
...
60. altmyş - sixty
...
70. ýetmiş - seventy
...
80. segsen - eighty
...
90. togsan - ninety
...
100. ýüz – a/one hundred
1000. müň – a/one thousand
10000. on müň - ten thousand
100 000. ýüz müň - a hundred thousand
1000 000. million - million
1000 000 000. milliard - billion
1000 000 000 000. trillion - trillion
2. Tertip sanlar
Tertip sanlar bir zadyň beýleki zatlaryň içindäki tertibini/ornuny görkezmek üçin ulanylýar. Mysal üçin:
3
Ilkinji prezident
Birinji depder
Ellinji ýaş toýy
Ýüzünji ýyl
Tertip sanlaryň sanawy aşakda doly görkezilen. Iňlis dilinde tertip sanlar mukdar sanlary öwreneniňizden
soň kyn däl. Üçe çenli üýtgeşik şondan soň belli bir düzgüne girýär.
1 – first – birinji/ilkinji
2 – second – ikinji
3 – third – üçünji
Üçden soň sanyň yzyna “th” goşulmasyny goşmaly. Ýöne käbir sanlaryň yzyna goşulanda olaryň ýazylyşy
we aýdylyşy üýtgeýär. “th” sesini ýöriteläp öwrenmeseňiz kynrak. Peltek “s” sesi bolup ony “t” sese
ýakynlaşdyrmaly.
5 – five > fifth– dördünji
8 – eight > eighth– sekizinji
9 – nine > ninth– dokuzynjy
12 – twelve > twelfth – on ikinji
Soňy “teen” bilen gutarýanlar aňsat. Olara diňe “th” goşaýmaly.
13 – thirteenth – on üçünji
19 – nineteen – on dokuzynjy
Soňy “y” bilen gutarýan ondan uly sanlar “th” goşulmasy goşulanda “ieth” bolup gutarýar.
20 – twentieth – ýigriminji
40 – fortieth – kyrkynjy
Ýigrimiden soňky sanlarda tegelek san däl bolsa, diňe iň soňky ondan kiçi bölek tertip san edilýär.
21 – twenty-first – ýigrimi birinji (twentieth-first däldigine üns beriň)
35 – thirty-fifth – otuz bäşinji
103 – a hundred and third – bir ýüz üçünji
Mysallara seredeliň:
This is my eleventh birthday – Bu meniň on birinji ýaş toýum (doglan günüm).
It is your second time swimming here – Bu seniň bu ýerde ikinji gezek ýüzüp görşüň.
Who is the first women astronaut? – Ilkinji zenan kosmonawt kim?
4
He came fourth in the race – Ol ýaryşda dördünji bolup geldi.
Käbir peýdaly sanlar
one half – ýarym, ýarpy, ýarty
one quarter – çärýek
dozen – on iki
one eighth – sekizden biri
one sixteenth – on altydan bir bölegi (1/16)
zillion – sanýetmez – bir zady çişirip aýtmak üçin ulanylýar. Meselem, “Men saňa müň sapar aýtdym”
diýip birine käýejek bolsaňyz “zillion times” diýip ulanyp bilersiňiz.
Mysallar:
0,5 – a half - ýarym
1,5 – one and a half – bir ýarym
3/4 – three quarters – üç çärýek (dörtden üçi)
2/5 – two fifths – bäşden iki
Sorag soramak
Iňlis dilinde “näçe” diýip sorap bolýar, ýöne “näçenji” diýip soramak üçin ýörite söz ýok. Diýmek “how
manieth” diýip sorap bilmersiňiz.
Many – köp
How many? – Näçe?
Näçenji diýip soramak üçin ýagdaýa görä hereket etmeli.
What is the order of ...? – ... näçenji orunda?
Which? – Haýsy?
How many computers do you have? – Näçe kompýuteriň bar?
I have two computers – Meniň iki kompýuterim bar.
What is the position of the car? – Maşynyň orny haýsy?
It is the third car – Ol üçünji maşyn.
Tertip sanlar - Ordinal numbers
1. birinji - first
2. ikinji - second
3. üçünji - third
4. dördünji - fourth (forth däldigine üns beriň)
5
5. bäşinji - fifth
6. altynjy - sixth
7. ýedinji - seventh
8. sekizinji - eighth
9. dokuzynjy - ninth
10. onunjy - tenth
11. on birinji - eleventh
12. on ikinji - twelfth
13. on üçünji - thirteenth
20. ýigriminji - twentieth
21. ýigrimi birinji - twenty-first
100. ýüzünji - hundredth
1000. müňünji - thousandth
1000 000. millionynjy - millionth
Jemleýiş
Bu sapakda sanlary gysgaça öwrendik. Elbetde sanlar bilen edilýän köp iş bar. Olaryň arasynda şular bar:



Ýaşyňy aýtmak
Senäni we wagty (sagady) aýtmak
Matematiki we ylmy amallary ýerine ýetirmek
Bularyň hersini aýratyn sapakda öwrenmeli bolar.
(C) Nazar Mämmedow
6